Täze,
2019-2020-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzda giňden badalga
alan çäreleriň biri – Bilimler we talyp ýaşlar güni Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda,
Harby-deňiz institutynda, Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerinde hem geçirilip,
ol çuň many-mazmuna we ýokary ruhubelentlige beslendi.
Ajaýyp güýz
paslynyň ilkinji günlerinde Harby institutynyň nyzam meýdançasynda geçirilen
baýramçylyk dabarasyna professor-mugallymlar, serkerdeler, harby talyplar we
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen
harby mekdebiniň harby okuwçylary uly buýsanç bilen gatnaşdylar. Dabaranyň
başynda hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň
mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
iberen Gutlagynyň okalmagy watan goragçylarynyň buýsançlaryny goşalandyrdy.
Çünki, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň çuňňur manyly Gutlagynda aýdylyşy
ýaly, ýurdumyzy we jemgyýetimizi täze taryhy şertlerde sazlaşykly ösdürmäge,
bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bilim ulgamyny döwrüň
talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ata Watanymyza wepaly ýaşlary, ýokary
aň-düşünjeli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, şeýle-de, mugallymçylygyň
öňdebaryjy dünýä tejribesiniň milli däp-dessurlarymyz bilen utgaşykly alnyp
barylmagy boýunça eziz Diýarymyzda köp işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa,
biziň milli Ýaragly Güýçlerimiziň düzüminde gulluk etjek ýokary hünärli harby
gullukçylaryň kemala gelmegine öz mynasyp täsirini ýetirýär.
Biz hem
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kämil harby hünärmenleriň
ýetişdirilmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Belent
Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman, alyp barýan
döwletli işleriniň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Suratlar üçin «Multimediýa».
«Milli goşun».