09.04.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Ýanwar aýynda söwda dolanyşygynyň möçberi 5,8 göterim artdy
Ýanwar aýynda söwda dolanyşygynyň möçberi 5,8 göterim artdy
15.02.2020 159 Habarlar

14-nji fewralda geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow söwda we ykdysadyýetiň hususy ulgamynda 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar aýynda söwda dolanyşygynyň möçberi 5,8 göterim artdy.

Dokma senagaty ministrligi we «Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça hasabat döwründe öndürilen önümleriň umumy möçberi 12,5 göterim, nah matalaryň öndürilişi 17,5 göterim, tikin we örme önümleriň öndürilişi 43,8 göterim, haly we haly önümleriniň möçberi 24,8 göterim köpeldi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar aýynda birža söwdalarynyň 22-si geçirilip, 2 müň 404 şertnama hasaba alyndy. Umumy girdejiniň möçberi 25,8 göterim artdy.

Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberi 46,9 göterim, gazanylan peýdanyň möçberi bolsa 51 göterim artdy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary şu ýylyň ýanwar aýynda senagat önümlerini 5,7 göterim hem-de oba hojalyk we azyk önümlerini 17,2 göterim köp öndürdiler.