23.04.2024 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Weteranlaryň sarpalanmagy
Weteranlaryň sarpalanmagy
06.05.2019 1061 Harby özgertmeler

Paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde ýakynlaşyp gelýän 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryny, tylyň zähmetkeşlerini we wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryny hatyralamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, olara pul baýraklary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Köşgüň öňünde sungat eserleriniň — suratçylaryň, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň, bezegçileriň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Olarda ildeşlerimiziň söweş meýdanlarynda we tylda görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylyklary wasp edilýär.

Dabara weteranlar-frontçular we esgerleriň ýanýoldaşlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, medeniýet işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabarada Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlaryna parahatçylygyň, bagtyýarlygyň we ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna görkezen deňsiz-taýsyz edermenlikleri üçin hoşallyk sözleri aýdyldy. Olaryň hormata we tagzym edilmegine mynasyp mähriban topragymyza bolan söýgüleri, jeň meýdanynda görkezen gaýduwsyzlyklary ýaşlarymyz üçin hemişe ýokary ahlak nusgalary bolup durýar.

Weteranlar we söweşde wepat bolanlaryň ýanýoldaşlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýaşuly nesle berýän hemişelik ünsi, urşa gatnaşanlar we wepat bolanlaryň maşgalalary babatda edýän aladalary üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.