milli goshun logo
Welaýatlary toplumlaýyn ösdürmek maksady bilen iş tejribesi alşyldy
Welaýatlary toplumlaýyn ösdürmek maksady bilen iş tejribesi alşyldy
21.01.2021 560 Habarlar

20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça welaýatlaryň häkimleri, şeýle hem beýleki käbir ýolbaşçylar Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, dürli ugurlarda iş tejribesi bilen tanyşdylar.

Welaýatlaryň häkimleri, medeniýet ministri, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň rektory paýtagtymyzda, soňra Mary welaýatynyň häkimliginde milli Liderimiziň öňde goýan degişli wezipelerini toplumlaýyn ýerine ýetirmek boýunça işleriň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Mary welaýatyna amala aşyrylan iş sapary sebitleri ösdürmegiň dürli ugurlarynda işleri guramak boýunça oňyn tejribe alyşmaga ýardam edýän möhüm çärä öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleriň başyny başlan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini beýan etdiler.