28-nji
sentýabrda paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän «Halk Hakydasy»
ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdança baýramçylyk şowhunyna beslendi. Bu
ýerde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň degişli Permanyna laýyklykda,
ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna we
işgärlerine döwlet sylaglarynyň, harby we ýörite atlaryň hem-de hünär
derejeleriniň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň
şanly 31 ýyllyk baýramy mynasybetli guralýan çäre ýadygärlikler toplumyndaky
«Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül
desselerini goýmak dabarasy bilen başlandy. Ter çemenler merdana ýurt
goragçylarynyň ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluna, görkezen gahrymançylyklaryna
buýsanjynyň nyşanyna öwrüldi. Olar edermen hem-de gaýratly pederlerimiziň ruhy
ýadygärliklerini harby salam bilen hormatladylar.
Türkmenistanyň
harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary we işgärleri meýdançada
nyzama düzüldiler. Olaryň nurana ýüzlerindäki şatlyk alamaty baýramçylygyň
şowhuny bilen utgaşyp, gaýtalanmajak pursatlary döredýärdi. Döwlet Senasynyň
ýaňlanmagy, buýsançly gutlaglaryň we hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň degişli
Permanynyň okalmagy sylaglanýan harby gullukçylaryň ruhuny has-da belende
göterdi. Soňra harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny we
işgärlerini sylaglamak, harby we ýörite atlary dakmak dabarasy başlandy. Belent
mertebä mynasyp bolanlar ellerini ýürekleriniň üstünde goýup, wepalylyk
kasamyny ýerine ýetirdiler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar özleriniň
mukaddes borjy ýerine ýetirmekde görkezen yhlaslaryna şeýle ýokary baha beren
hormatly Belent Serkerdebaşymyza hoşallyk bildirdiler.
Şeýle
dabaralaryň biri Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler
öýünde hem ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde harby gullukda tapawutlanyp, Watana
wepaly hyzmat etmekde görelde görkezen harby gullukçylar döwlet sylaglary bilen
sylaglandylar, şeýle hem nobatdaky harby atlar dakyldy. Sylaglanan harby
gullukçylar Döwlet baýdagyny togap edip, wepalylyk kasamyny ýerine ýetirdiler.
Bu dabara merdana Watan goragçylaryny täze üstünliklere, täze rowaçlyklara
ruhlandyrdy. Çünki döwlet sylagy uly ynamyň nyşanydyr, ynam bolsa borjuňa
jogapkärçilikdir, has-da netijeli we öndümli zähmet çekmäge borçlulykdyr.
Has köp suratlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňsiz!
«Milli goşun»