Garaşsyzlyk baýramy
diýlende hemmeleriň göz öňünde dabaraly harby ýöriş janlanýar. Çünki bu
dabaraly çäre her ýyl baş baýramçylygymyza aýratyn öwüşgin çaýýar. Her birimiz
bu şanly günde mawy ekran arkaly göni ýaýlymda bu ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirilýän dabara tomaşa etmek üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.
Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada guralýan dabaraly harby ýöriş uludan-kiçä
hemmeleriň kalbynda buýsanç duýgusyny oýarýar. Watanymyzyň kuwwatyna buýsanmak
iň aňrybaş lezzet dälmidir eýse?!
«Halkyň Arkadagly
zamanasy» ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 31
ýyllyk baýramynyň şowhuny hem dabaraly harby ýöriş bilen has-da artdy. Çünki
dabaraly harby ýöriş diňe bir baýramçylyk çäresi bolman, ol Watanymyzyň sarsmaz
galasy bolan merdana ärleriň dogmuny şöhlelendirýän, harby tehnikalaryň
kuwwatyny açyp görkezýän, Türkmenistanyň her bir ugurda gazanýan üstünliklerini
alamatlandyrýan aýratyn mana eýe bolan dabaradyr. Şonuň üçin hem bu dabara her
bir türkmenistanlyny buýsandyrýar, guwandyrýar, kalbynda öçmejek duýgy
döredýär.
«Milli goşun»