milli goshun logo
Watany goraýan zenan «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň ýeňijisi
Watany goraýan zenan «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň ýeňijisi
03.03.2020 2067 Harby özgertmeler

Zenan harby gullukçylaryň ata Watanymyza, milli medeni mirasymyza, sungatymyza, däp-dessurlarymyza bolan söýgüsini, türkmen zenanlaryna mahsus gaýduwsyzlyk, edep-ekramlylyk, mähir-mylakatlylyk häsiýetlerini we işe ezberligini, döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen dürli bäsleşikler geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Zenanlar birleşmesiniň Merkezi Geňeşi ýylyň-ýylyna dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda «Ýylyň zenany» atly bäsleşigi geçirmegi däbe öwürdi. 8-nji mart – Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde bäsleşigiň jemleri jemlendi we «Ýylyň zenanlary» yglan edildi.

Bäsleşik dürli ugurlar boýunça guralýar. Onuň «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýyş ulgamynda görkezen işjeňligi üçin»  atly ugry boýunça zenan harby gullukçylaryň arasynda geçirilen jemleýji tapgyry harby zenanlaryň mukaddes Watanymyza bolan söýgüsiniň diýseň ýokarydygynyň sözsüz subudy boldy. Ähli deslapky tapgyrlarda ýeňiş gazanyp, jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanan zenan harby gullukçylaryň – kapitan Arzygül Mämmedowanyň, uly leýtenant Gülzar Weliýewanyň, uly leýtenant Aýjeren Bazarowanyň, maýor Keýik Şirowanyň çykyşlary, bäsleşigiň şertlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirişleri aýratyn täsirli boldy.

Bellenen emin agzalary bäsleşigiň şertleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik edip, adalatlylyk bilen ýeňijini kesgitlediler. Netijede, kapitan Arzygül Mämmedowa bäsdeşlerinden tapawutlanyp, «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýyş ulgamynda görkezen işjeňligi üçin» ugry boýunça ýeňiji bolmagy başardy.

«Milli goşun».