milli goshun logo
Watansöýüjiligiň belent owazy
Watansöýüjiligiň belent owazy
27.01.2021 1997 Harby özgertmeler

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň gatnaşmaklarynda baýramçylyk konserti boldy.

Şanly senäniň şanyna guralan aýdym-sazly dabara şatlyk-şowhuna, uly ruhubelentlige beslendi. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Serhet owazlary» aýdym-saz toparynyň, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralarynyň zehinli aýdymçylarynyň ýerine ýetiren belent owazly aýdymdyr sazlary baýramçylyk konsertiniň şowhunyny has-da artdyrdy. Konsertde ýerine ýetirilen türkmen halk aýdymlarynyň, döwürdeş şahyrlarymyzyň sözlerine döredilen ajaýyp aýdymlaryň her birinde Watan mukaddeslikleriniň waspy öz beýanyny tapdy.

Dabarada «Türkmen edermen» Ýörite maksatly toparynyň guran görkezme çykyşy hem täsirliligi bilen tapawutlandy. Baýramçylyk konserti Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň sözlerine döredilen «Siz Watanyň her gülünde, Arkadag!» atly aýdym bilen jemlendi. Mahlasy, belentden ýaňlanan aýdym-sazlar ata Watanymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne guwanç, buýsanç duýgulary beýan etdi.

«Milli goşun».