27-nji ýanwar – Watan goragçylarynyň güni
ata Watanymyza ak ýürekde wepaly gulluk edýän merdana Watan goragçylarynyň hünär
baýramydyr. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda şanly senäniň uludan toýlanmagy,
bagtyýar raýatlarymyzyň watançy ogul-gyzlaryna bolan buýsanjyny dabaralandyrdy.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
Merkezi serkerdeler öýünde geçirilen aýdym-sazly dabara bu baýramyň şowhuny
belende göterdi. Oňa harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary,
serkerdeler, harby talyplardyr harby okuwçylar gatnaşdylar.
Baýramçylyk konsertinde uly joşgun
bilen ýerine ýetirilen edebi-sazly çykyşlar myhmanlarda ýatdan çykmajak ýakymly
täsirleri döretdi. Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň
ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdymdyr sazlarda Berkarar döwletimiziň
bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ata Watanymyz
Türkmenistany gülledip ösdürmekde alyp barýan beýik işleriniň waspy öz beýanyny
tapdy. Munuň özi bolsa, ajaýyp zamanamyzda zähmet çekýän we bilim alýan
watandaşlarymyzyň ata Watanymyza we hormatly Prezidentimize bolan buýsanjyny
artdyrdy.
Has köp suratlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňiz!
«Milli goşun».