16.09.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Watançy nesilleriň sowgady
Watançy nesilleriň sowgady
03.08.2021 250 Harby Durmuş

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde sergi guraldy. Onda harby uçarlaryň nusgalaryna hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň täze harby uçarda synag uçuşyny amala aşyran pursatynda geýen uçarman lybasyna aýratyn orun berlipdir. Sergä gatnaşan Berdimuhamet Annaýew  adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň harby okuwçylary uçarman lybasyna uly gyzyklanma bilen syn etdiler.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň uçuş mahaly geýen harby uçarman lybasyny Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze guruljak binasynyň muzeýinde goýmaga ygtyýar bermegi watançy nesiller üçin ajaýyp sowgat boldy. Myhmanlar harby uçarmanyň lybasynyň özboluşly aýratynlygy hakynda belläp geçdiler. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň uçuş mahaly geýen harby uçarman lybasynyň geljekki ýurt goragçylaryna sowgat berilmegi diňe bir mertlik mekdebiniň däl, eýsem, harby ulgamda halypa-şägirtlik ýolunyň hem mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Has köp suratlary «Multimediýa» bölümimizde görüp bilersiňiz!

«Milli goşun».