Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan, parahatçylyk söýüjilikli,
diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň ileri tutulýan ugry döwletimiziň
howpsuzlygyny üpjün etmekden, agzybir türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny
goramakdan ybaratdyr. Hut şu babatda hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini mundan
beýläk-de ösdürmek işleri amala aşyrylýar. Ýaragly Güýçlerimiz parahatçylygyň,
Watanymyzyň durnuklylygynyň, Garaşsyzlygymyzyň möhüm gymmatlyklarynyň hem-de
raýatlarymyzyň döredijilikli zähmetiniň goragynda durmagyna gönükdirilendir.
Wagt örän tiz
geçýär, harby adamlar üçin bolsa, aýratyn-da, çalt geçýär, sebäbi berk
sazlaşykly hem-de sagat ýaly tertibe eýe bolan harby durmuşda ähli zat
minutma-minut bellenendir. Göräýmäge, düýnki mekdep okuwçylarynyň öz mähriban
öýlerinden gidip, harby egin-eşiklerini ilkinji gezek geýenleri ýaňy ýalydy,
eýýäm her bir harby gullukçynyň durmuşynda örän möhüm bolan waka — harby kasamy
kabul etmek ýetip geldi. TDH-nyň habarçysy hemme harby gullukçylar üçin bu
dabaraly günde Ahal welaýatynyň harby bölümleriniň birine baryp gördi.
Türkmenistanyň
harby gullukçylary başlangyç harby taýýarlygyň maksatnamasyny ýa-da öňler
aýdylyşy ýaly, “ýaş esgeriň okuwyny” özleşdirenlerinden soň, kasam kabul
edýärler. Harby kasamy kabul etmek her bir harby gullukçynyň durmuşynda ýatdan
çykmajak dabara bolup, ýeke gezek bolup geçýär hem-de ýaş oglanlaryň harby
gulluga haýsy döwürde çagyrylandygyna baglylykda, bu dabara iýunda we dekabrda
geçirilýär. Bu şanly waka bolsa bütin ömrüňe ýatda galýar.
Oglanlaryň
ukyplaryna, arzuwlaryna we islegine laýyklykda, möhletli harby gullugy geçmegi
üçin goşunlaryň ol ýa-da beýleki görnüşini kesgitlänlerinden soňra, olar öz
harby bölümine gelýärler hem-de harby ylymlaryň hemme inçe syrlaryny ele alyp
başlaýarlar.
“Özbaşdak
Watanymyzyň edermen goragçylary, size jogapkärli wezipäniň we mukaddes borjuň
ýerine ýetirilmegi ynanyldy: Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watana
yhlasly gulluk edip, onuň beýik Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny gözüň
göreji ýaly goramak ynanyldy. Bu iki gymmatlyk ähli üstünliklerimiziň,
ykdysady, medeni ruhy, ösüşleriň, halkymyzyň hal-ýagdaýyny, durmuş derejesini
ýokarlandyrmagyň pugta esasy bolup hyzmat edýär” diýip, hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby gullukçylaryna ýüzlenmek bilen
aýdýar. Olar hem bu çagyryşa mynasyp jogap berýärler.
Başlangyç
harby taýýarlyk geçilýän wagtda Watan gullugyna täze gelen ýaşlar bilen nyzam
we beden taýýarlygy boýunça okuwlar, terbiýeçilik işleri geçirilýär hem-de
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby düzgünnamasy öwredilýär. Ýaş oglanlar
gaýtadan lukmançylyk barlagyny doly we düýpli geçýärler, olara hemme zerur bolan
lukmançylyk sanjymlary edilýär. Ýaş esgeriň harby bölüme gelmegi bilen oňa
egin-eşik berilýär hem-de şol eşikler onuň öz ölçeglerine laýyk getirilýär. Ýaş
esger harby bölümiň gün tertibi hem-de harby gullukçylaryň umumy borçlary bilen
tanyşýar.
Başlangyç
harby taýýarlygy geçen ýaşlar harby gullukçylaryň umumy borçlaryny, harby
gullukçylaryň hereketlerine we döwlete ýetirilen maddy zyýanlara
jogapkärçiligini, harby egin-eşigi geýmegiň düzgünini, harby gullukçylaryň
hemme zerurlyklar bilen üpjün edilişiniň tertibini, öz ýaragynyň
taktiki-tehniki häsiýetnamasyny we söweşjeň mümkinçiligini, ony peýdalanmagyň
we ulanmagyň düzgünini, özüni arassa saklamagyň kadalaryny hem-de keselleriň
öňüni almagyň usullaryny, öz harby bölüminiň gün tertibini, onuň taryhyny, taryhy
we häzirki zaman söweşjeň däplerini bilmelidir.
Esgeriň harby
gullugyň howpsuzlygynyň esaslary barada düşünjesi bolmalydyr hem-de ol harby
kasamyň sözlerini bilmelidir. Esger şol kasamy öz ýurdunyň döwlet baýdagynyň,
bölümiň söweşjeň baýdagynyň we öz gullukdaşlarynyň nyzamynyň öňünde aýtmalydyr.
Şeýlelikde,
kasamyň kabul edilmegi başlangyç harby taýýarlygyň tamamlanmagy bolup, hakyky
harby gullugyň başlanýandygyny alamatlandyrýar.
Munuň özi ýaş
harby gullukçylar üçin aýratyn gündür. Olar öz mähribanlarynyň we ýakyn
garyndaşlarynyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda harby borjy mynasyp ýerine
ýetirjekdiklerine, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, çäk bitewüligini hem-de
konstitusion gurluşyny mertlerçe we edermenlik bilen gorajakdyklaryna kasam
etdiler.
Milli Liderimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşlarynda hem-de ýurdumyzyň harby bölümlerine
baryp görende, ýaş esgerlere Watana ygrarly bolup, kasama wepalylygyň nusgasyny
görkezip, öz belent borçlaryny asylly ýerine ýetirmäge, watançylyk, mertlik we
gaýduwsyzlyk ýaly türkmen halkyna mahsus bolan häsiýetleri artdyryp, hemişe
harby däplere eýermek barada öwüt-nesihat berýär.
Her bir harby
gullukçy üçin wajyp bolan bu günde bölümiň şahsy düzümi meýdançada nyzama
düzülýär. Serkerdeleriň, seržantlaryň, hatarçylar düzüminiň ählisi baýramçylyk
lybasynda harby bölümiň söweşjeň baýdagy dabaraly ýagdaýda çykarylýar. Baýdak
göterijileriň sazlaşykly ädim urşy uzakdan eşidilýär.
Soňra
serkerdäniň gutlagy aýdylýar. Ol ýaş harby gullukçylary esgerler üçin uly
ähmiýete eýe bolan bu gün bilen gutlaýar. Harby orkestr tarapyndan ýerine
ýetirilýän Türkmenistanyň Döwlet senasynyň owazynyň astynda Türkmenistanyň
Döwlet baýdagy dabaraly ýagdaýda belende galdyrylýar.
Motoatyjylar,
tankçylar, aragatnaşykçylar, inžener goşunlarynyň esgerleri, topçular hem-de
ýörite maksatly güýçleriň wekilleri nyzama düzülip, sarsman durlar. Bölümleriň
serkerdeleri ýaş harby gullukçylary kasam kabul etmek üçin nobatma-nobat
çagyrýarlar. Esger harby kasamy okap, degişli resminama gol çekýär hem-de baş egip,
Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny öpýär.
Ýaş esgerleriň
ählisi harby kasamy kabul edip bolanyndan soň, wzwodlaryň serkerdeleri bu
barada öz ýolbaşçylaryna hasabat berýärler, olar bolsa, öz nobatynda, bölümiň
serkerdesine hasabat berýärler. Bölümiň serkerdesi harby gullukçylaryň ählisini
bu şanly gün bilen gutlaýar. Üç gezek “Ura!” diýen sesler ruhubelentlik bilen
ýaňlanýar.
Däp bolşy
ýaly, harby kasamy kabul etmek dabarasyna ýaş esgerleriň garyndaşlarynyň we
ýakynlarynyň köp sanlysy gatnaşýar. Olar özleriniň ogullaryny, doganlaryny we
dostlaryny harby gullugyň başlanmagy bilen gutlamak üçin ýörite gelýärler.
Myhmanlaryň käbiri meýdança ýygnananlaryň ählisine ýüzlenip, gutlag sözi bilen
çykyş edýär.
Şondan soňra
eýýäm ikinji ýyl gulluk edýän esgerler başa-baş söweşiň tälimlerini
görkezýärler. Olar bu tälimlerini halypa serkerdelerinden öwrenipdir. Dabaranyň
ahyrynda bölümiň şahsy düzümi dabaraly ýöriş bilen meýdançadan geçýär, soňra
harby gullukçylara Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýanyndaky Merkezi
serkerdeler öýüne wekilçilik edýän aýdym-saz toparynyň çykyşy garaşýar.
Ýurdumyzyň
dünýä giňişligindäki esasy syýasy strategiýasy onuň bitaraplyk derejesidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly: “Bitaraplyk
biziň bütindünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen beýik gymmatlygymyzdyr.
Parahatçylygy we dostlugy, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetliligi, hyzmatdaşlygy
we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Birleşen Milletler Guramasy
tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz bolsa
ählumumy parahatçylygyň we ylalaşygyň pugtalanmagy üçin tagallalary
birleşdirýän, özara düşünişmäge hem-de ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary ýola
goýýan döwlet hökmünde berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da artdyrýar”.
Serkerdeler
hem-de möhletli gullugy geçýän esgerler döwlet Baştutanymyzyň bu sözlerini
Watan goragçylaryna ruhy çagyryş hökmünde kabul edýärler.
Eýýäm harby
kasamyň kabul edilen gününiň ertesi ýaş esgerleriň umumy harby taýýarlygy we
hünärler boýunça taýýarlygy başlanýar. Olaryň käbiri dürli harby wezipelere
belleniler, ýaş esgerler dürli ugurly söweşjeň wezipeleri (söweşjeň nobatçylyk,
garawul gullugy we beýlekiler) ýerine ýetirmäge çekiler. Olara ýarag we harby
tehnika berkidiler.
— Hakykatdan
hem, bu dabara buýsandyryjy we şatlykly ýagdaýdyr, kasamyň kabul edilmegi örän
tolgundyryjy pursatdyr. Şol pursat hemişelik meniň ýadymda galar. Esger üçin bu
gün örän wajypdyr. Goşun gullugyna gitmäge höwes edýärdim, her bir hakyky erkek
kişiniň gulluk etmegini, bu durmuş mekdebini mynasyp geçmegini wajyp
hasaplaýaryn — diýip, ýaş esger Oraz Baýramow aýtdy.
Garaşsyz we
Bitarap ýurt hökmünde Türkmenistan entek örän ýaş döwletdir, ýöne şu taryhy
gysga döwrüň içinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aladasy
we taýsyz-tagallalary netijesinde dünýäniň iň soňky ülňülerine we talaplaryna
laýyk gelýän döwrebap Ýaragly Güýçleri döretmek başartdy. Türkmen goşunynyň
esasy ýörelgeleri berk düzgün-nyzam hem-de watançylyk bilen baglanyşyklydyr.
Şolar, zerur bolan halatynda, halkymyzyň howpsuz we parahat durmuşyny üpjün
etmek boýunça dürli wezipeleri çalt çözmäge mümkinçilik berýär.
Ýaş harby
gullukçylaryň harby kasamy tolgunmak bilen, ýöne örän takyk we sowatly ýerine
ýetirýändiklerini, eziz Watanymyzyň Döwlet baýdagynyň öňünde wepadarlyk bilen
baş egýändigini göreniňde, ýurdumyzyň geljeginiň olar üçin örän wajypdygyna
hem-de uly ähmiýete eýedigine düşünýärsiň. Biziň ogullarymyzyň we
doganlarymyzyň tagallasy netijesinde Türkmenistanyň asmany hemişe arassa bolar.
Bagtyýar durmuş hem-de halal we tutanýerli zähmet üçin hemişe ajaýyp şertler
bolar, çünki olar gaýduwsyz ata-babalarymyzyň mukaddes wesýetlerine eýerip,
eziz Watanymyza wepaly bolup galýarlar.