milli goshun logo
Watana wepaly - bagtly maşgala
Watana wepaly - bagtly maşgala
27.10.2018 2912 Harby özgertmeler

Ynsanda heniz ýetginjeklik ýaşlarynda Watana bolan söýgi, hyjuw möwjäp ugraýar. Şol hyjuwyň dura-bara kämilleşýän, söýginiň güýjeýän ýollary maşgala bilen birigip gidende bolsa, hyýalyňa getirip bolmajak duýgulara eýe bolýarsyň. Gursakdaky söýgiň birligi, Watan öňündäki lebiz birligi iki ýüregiň urgularyny deňläp, maşgala binýadyny has-da pugtalandyrýar.

Watan – türkmende mukaddeslik hasaplanýan zatlaryň naýbaşysy bolup durýar. Bu mukaddesligiň goragynda, hyzmatynda durmak bolsa biziň her birimiz üçin parzdyr. Ine, şol parzy täk başyna däl, maşgala bolup mynasyp ýerine ýetirýän ynsanlaryň bardygynyň özi buýsandyryjy ýagdaý. Çünki Gahryman Arkadagymyz hem «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabynda: «Watan öý-ojakdan, maşgaladan başlanýar» diýip belläp geçýär.

Ýürekleri «Watan» diýip urýan iki ynsany bir maşgala jem edip, ojagynda bir kiçijek watan gurup ýaşaýan Baýryýewleriň agzybir maşgalasy şol asylly ýörelgäni mynasyp dowam etdirýärler. Kapitan Serdar Baýryýew, uly leýtenant Maýa Ýazlyýewa – ýan-ýoldaşlar arassa we halal zähmetleri bilen goranmak häsiýetli Harby doktrinamyzyň pugtalandyrylmagyna özleriniň önjeýli goşantlaryny goşýarlar.

Harby gullukçylaryň «harby» maşgalasynda özboluşly bir aýratynlyk, olaryň ýurdumyzda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýörişe maşgala agzalarynyň ikisiniň hem gatnaşmagydyr. Bu ýagdaý Harby instituty bir ýylda tamamlan jübütlerde harby talyplyk döwründen bäri däbe öwrülip gelýär. Agzybir maşgala her ýylda geçirilýän dabaraly harby ýörişe sabyrsyzlyk bilen garaşyp, uly höwes bilen gatnaşýandyklaryny öz gürrüňlerinde beýan edýärler.

Şu gün hem, şanly Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllyk toýy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişde kapitan Serdar Baýryýewiň Asmana atyjy batolýonyň serkerdesi bolup, uly leýtenant Maýa Ýazlyýewanyň Zenanlar batolýonynyň düzüminde üstünlikli geçendigine ildeşlerimiz şaýat boldular.

Hawa, baýramçylyk dabarasynyň maşgala derejesinden ýurt derejesine çenli uzaýan şatlygyna şärik bolmagyň özem kalbyňy heýjana salýar. Bular bagtly maşgala. Olar şu Watanyň ogul-gyzydygyny her bir dogumly ädimlerinde, her bir sazlaşykly hereketlerinde subut etdiler. Olaryň ýürek buýsanjy bir maşgalaň çygryndan çykyp, baýramçylyk dabarasyna özboluşly öwüşgin çaýdy. Iň wajyby hem, olar Watançylyk mekdebi bilen maşgala mekdebiniň utgaşygyny emele getirip ömür sürýärler. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda bu barada şeýle belleýär: «Mekdep – ynsanyň kämilleşmeginiň ilkinji basgançagy. Soň ýörite okuw mekdebinde, ýokary okuw mekdebinde hem tälim alynýar. Ýöne iň esasy mekdep – maşgala mekdebi diýesim gelýär».