«Öý – öý
eýesiniň ruhunyň keşbidir» diýlişi ýaly, öýli bolmak, öý tutunmak türkmen
halkymyzda ata-babalardan gelýän asylly ýörelgeleriň, arzuw-islegleriň, päk
zähmetiň özboluşly jemlenmesi hasaplanylýar. Arassa, halal maňlaý deriňden öýi tutunmak,
jaýly bolmak uly bagt. Hormatly Belent
Serkerdebaşymyzyň bize bagyş eden Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri
arzuwlaryň hasyl bolýan zamanasyna öwrüldi. Has aýdyň aýtsak, eşretli
zamanamyzda halal zähmet çekseň, ukyp-başarnygyňy görkezseň hormatly
Prezidentimiz özüniň şa serpaýlaryny ýapýar, sylaglaýar. Her bir çekilen zähmet,
gazanylan ujypsyzja netije hem hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň synçy
nazaryndan düşmeýär.
«Türkmenistan
– rowaçlygyň Watany» ýylynyň ilkinji aýlary hem şeýle wakalara baý boldy diýsek,
hakykatdan daş düşmeris. Harby gullukçylaryň Watan goragçylarynyň gününi baýram
edýän günlerinde Watan goragynda sak durup, gözüniň göreji deý goraýan Watan
goragçylarynyň ençemesine täze ýaşaýyş jaýlary sowgat berildi. Ulanylmaga berlen
ýaşaýyş jaýlarynda ähli amatlyklar göz öňüne tutulyp, ol dünýä derejesine doly laýyk
gelýän derejede gurlupdyr. Muňa bolsa Watan goragçylarynyň we olaryň
maşgalalarynyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň
döredip berýän şertleridir.
Bu gün özlerine
döredilip berilýän ajaýyp şertler üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyna
aýdylýan alkyşly sözler Watan goragçylarynyň zybanynda sena bolup ýaňlanýar.
Şeýle bagta mynasyp bolan Watançylyk duýgusy joş alýan ýurt goragçylarynyň sany
indi müňlerçedir. Ine, «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynda hem olaryň
ençemesi baýramçylygy täze jaýlarynda garşylaýarlar, maşgala bolup toý tutýarlar.
«Milli goşun».