Türkmenistanyň milli goşunynyň terbiýeçilik wezipesi esgerleri Watana birkemsiz gulluk etmeklige höweslendirmäge, Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir. Harby gullukçylaryň arasynda türkmen halkynyň gadymy ruhy baýlyklaryny we ahlaklaryny berkitmek maksady bilen ýurdumyzyň harby bölümlerinde şahsy düzümiň arasynda dürli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.
Harby psihologlar, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hünärmenleri, din wekilleri we hormatly ýaşulular çagyryş boýunça harby gullukçylar bilen yzygiderli duşuşyklary geçirýärler. Gürrüňdeşliklerde edep-ekramlylyk, şahsy jogapkärçilik ýaly wajyp soraglaryň üstünde durlup geçilýär, harby dostluk gatnaşyklarynyň ähmiýeti dogrusynda nygtalýar.
Harby gullukçylar şeýle duşuşyklara uly höwes bilen gatnaşyp, olar çagyrylýan myhmanlara özlerini gyzyklandyrýan birnäçe sowallar bilen ýüz tutýarlar. Esgerler duşuşyklarda edilýän gürrüňlerden ruhlanyp, olary öz aralarynda hem maslahatlaşmagy dowam etdirýärler, bu bolsa olaryň işjeňligini tassyklaýar. Türkmenistanyň milli goşunynda şahsy düzümiň ýokary söweşjeň ruhunyň has-da beýgelmegi üçin wagyz-nesihat duşuşyklarynyň ähmiýeti örän uludyr. Munuň özi harby bölümlerde düzgün-nyzamyň birkemsiz berjaý edilmegine oňyn täsir edýär.
«Milli goşun».