19.09.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
«Watan goragy – mukaddes borç» atly baýramçylyk çäresi geçirildi
«Watan goragy – mukaddes borç» atly baýramçylyk çäresi geçirildi
27.01.2020 384 Harby Durmuş

Watan goragçylarynyň güni ýatdan çykmajak toýly-tomaşaly, bagtyýar günlere beslenýär. Baýramçylyk mynasybetli guralýan çäreler giň gerime eýe bolýar. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Harby institutynyň bilelikde guramagynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Watan goragy – mukaddes borç» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede gaýduwsyz ýurt galkanlarynyň ata Watanymyzyň asudalygyny gorap, halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda edýän taýsyz aladalary barada giňişleýin gürrüňler edildi. Bu çärede Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, edermen Watan goragçylarymyzy, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň döwlet syýasatyny aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary ýerine ýetirildi. Aýdym-sazly dabaranyň ahyrynda edermen Watan goragçylaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

«Milli goşun».