milli goshun logo
WATAN GORAGY – IŇ MUKADDES MERTEBE
WATAN GORAGY – IŇ MUKADDES MERTEBE
27.09.2022 2207 Harby özgertmeler

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň rugsat bermegi bilen, Watanymyzyň gaýduwsyz goragçylary Döwlet münberiniň öňünden buýsançly başlaryny belent tutup, «Halk, Watan, Belent Serkerdebaşy» şygaryny baýdak edinip geçdiler. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň, harby we hukuk goraýjy edaralarynda gulluk borjuny berjaý edýän zenan harby gullukçylarymyzyň, merdana serkerdeleriň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby talyplarynyň, guryýer goşunlarynyň, serhetçileriň, howa hüjümlerinden goranmak goşunlarynyň, «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň nyzamly hatarlary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatynyň jany subutnamasy boldular. Olaryň her bir ädimi, her bir hereketi merdemsilige, edermenlige, gaýduwsyzlyga ýugrulyp, ähli tomaşaçylaryň buýsanjyny artdyrýar. Hawa, ähli tomaşaçylaryň. Dabara daşary ýurtly myhmanlar hem gatnaşyp, bu ajaýyp wakanyň şaýady boldular. Olar Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, mÄlik şa, Soltan Sanjar, Soltan Jelaletdin ýaly merdana ata-babalarymyzyň edermenlik ýörelgelerini dowam etdirýän, kaddy-kamaty bilen Watan goragyna berlen ärleri, Rodoguna, Tumar şa, Altynjan hatyn, Güljemal han ýaly taryhda yz galdyran merdana gelin-gyzlaryň nesilleri bolan zenan harby gullukçylary buýsanç bilen synladylar. Elbetde, olar birnäçe jahanşalyklary döredip, türkmen adyny taryha ýazan gerçekleriň nesilleri ahyry! Olar üçin Watan goragy – iň mukaddes mertebe.

Has köp suratlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňsiz! 

«Milli goşun»