Türkmen bedewi! Bu söz ata-babalarymyzyň
ýaşaýşyny, durmuş mazmunyny, Watan düşünjesini özünde jemleýär. Ýyndamlykda,
owadanlykda dünýäde deňi-taýy bolmadyk, wepadarlygyň we çydamlylygyň nusgasy,
ýelden ýyndam, duýgur hem hüşgär, gursagy hyjuwdan doly gamyşgulak behişdi
bedewler mydama türkmen halkynyň uçar ganaty bolupdyr. Merdana, gerçek
ýigitleriň bolsa, wepaly söweş ýoldaşy we hem syrdaşy bolupdyr. Geçmişde
türkmen ahalteke bedewleri söweşe gireninde, merdana gerçeklerimiziň
göwünlerine giňlik berip, gursagynda ýeňşe bolan ynamy döredipdir.
Merdana halkymyzyň nesilbaşymyz Oguz han Türkmeniň
döwründen başlap, şu günki güne çenli geçen şöhratly taryhy ýoluny bedew atsyz
göz öňüne getirmek mümkin däl. «Çyn bedewler meýdanynda bellidir» diýýän
halkymyzyň geçen taryhy ýolunyň egindeşi onuň gamyşgulak dal bedewleridir. Uçar
laçyna, gylyk-häsiýetde gyza, wepalylykda bolsa dosta deňelen behişdi bedewler,
merdana pederlerimiziň Watan, ar-namys, mukaddes toprak üçin alyp baran söweşlerinde
taryhyň sahypalaryny şan-şöhrata besledi, Watany goran gerçekleriň wepaly söweş
ýoldaşyna öwrüldi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem bedew
atlar merdana Watan goragçylarynyň hemdemine öwrüldi. Muňa mysal edip
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň atçylyk toplumyny görkezmek bolar. 2012-nji
ýylda döredilen bu atçylyk toplumyna onçakly köp wagt geçmese-de, onuň gazanan üstünlikleri
bu gün harby gullukçylaryň söweşjeň ruhuna ruh goşýar.
V müňýyllyk gadymy hem müdimi taryhymyza nazar
aýlanyňda, türkmen ýigitleri at dabradyp, jyda parladypdyrlar. Üsti Tagty-Süleýmana
deňelen bu bedew atlar her ýylky geçirilýän dabaraly harby ýörişlere, at
çapyşyklaryna, atly sportuň konkur görnüşine, ahalteke atlarynyň gözellik
bäsleşigine yzygiderli gatnaşdyrylýar.
Biziň köpimize mälim bolşy ýaly, Goranmak
ministrliginiň atçylyk toplumynyň atlaryna atlanan Watan goragçylary ýurdumyza
gelýän daşary ýurt wekillerini dabaraly ýagdaýda garşylaýarlar.
Atçylyk toparyna çapyksuwarlary Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçlerine çagyryş boýunça harby gullugy geçmäge gelýän esgerleriň
içinden saýlanyp alynýar. Harby gulluga gelmezden ozal, bedew ata erk eden
ýa-da seýisçilik bilen meşgullanan, harby gulluga çagyryşa degişli bolan raýatlar
harby gullugyny öz söýgüli kärleri bilen dowam etdirmek mümkinçiligine eýe
bolýarlar. Bu ýerde olar bedew ata erk etmegiň dürli tilsimlerini
kämilleşdirýärler.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň halkymyza bagyş
eden ajaýyp eýýamynda şöhratly bedewlerimiz toý-baýramlarymyzyň bezegi bolup,
bagtyýar raýatlarymyzyň göwünlerine ganat berýär, ruhy dünýäsine gözellik
çaýýar.
«Milli goşun».