Düýn
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky
Harby institutynda 27-nji ýanwarda ýurdumyzda her ýyl bellenilýän Watan
goragçylarynyň gününe bagyşlanan serginiň açylyşy boldy. Sergi ýurdumyzda
parahat we asuda durmuşy goramak, edermen halkymyzyň döredijiliginiň we
taryhynyň täsiri bilen Garaşsyz döwletimiziň goranyş kuwwatyny üpjün etmek
boýunça toplumlaýyn maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça
geçirilýän işleri şöhlelendirýär.
Sergide
görkezilen eserlerdir esbaplar Milli goşunymyzyň durmuşyndaky möhüm wakalary,
hususan-da, her ýyl geçirilýän, ussatlygyň ýokary derejesini üýtgewsiz
görkezýän türkmen esgerleriniň harby ýörişlerini, duýdansyz barlaglaryny beýan edýär.
Bulardan başga-da sergide gaýduwsyz esgerlerimiziň durmuşy we edermenlikleri
barada gürrüň berýän gymmatlyklary — söweş esbaplary, ýaraglar, harby lybaslar,
harby durmuşda ulanylýan enjamlar hem-de harby durmuşyň ruhuna aralaşmaga
mümkinçilik berýän beýleki zatlar görkezildi.
«Milli goşun».