milli goshun logo
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi
27.01.2020 2393 Harby özgertmeler

Şu gün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň gatnaşmaklarynda baýramçylyk konserti geçirildi.

Şanly sene mynasybetli guralan aýdym-sazly dabara turuwbaşdan şatlyk-şowhuna beslendi. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Serhet owazlary» aýdym-saz toparynyň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestriniň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň hem-de  harby we hukuk goraýjy edaralarynyň aýdymçylarynyň ýerine ýetiren aýdymdyr sazlary baýramçylyk konsertiniň şowhunyny has-da artdyrdy. Konsertde ýerine ýetirilen türkmen halk aýdymlary, döwürdeş şahyrlarymyzyň sözlerine we sazlaryna döredilen ajaýyp aýdymlaryň her birinde watançylyk duýgularynyň waspy ýetirildi.

Dabarada «Türkmen edermen» Ýörite maksatly toparynyň guran görkezme çykyşy hem aýratyn ýatda galyjylygy bilen tapawutlanyp, Watanymyzyň goragynyň ygtybarly gollardadygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Baýramçylyk konserti şahyr Gülşirin Hanowanyň sözlerine, kompozitor Omar Igamowyň sazyna döredilen «Biz Watanyň goragçysy, galkany!» atly aýdym bilen jemlendi. Belentden ýaňlanan jemleýji aýdym dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmegi bilen ata Watanymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza, bagtyýarlyk zamanamyza guwanç we buýsanç duýgularyny beýan etdi.

Dabaranyň ahyrynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde baýramçylyk sadakasy berildi.

«Milli goşun».