27-nji ýanwarda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde aýdym-sazly baýramçylyk
dabarasy geçirildi.
Baýramçylyk dabarasy Türkmenistanyň
harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň ýerine ýetiren şowhunly
çykyşlary bilen dowam etdi. Berkarar Watanymyzy, hormatly belent
Serkerdebaşymyzyň durmuşa geçirýän beýik
işlerini wasp edýän şirin owazlar maslahata gatnaşýan harby gullukçylaryň
watançylyk ruhuny belende göterdi. Taýýarlanan edebi-sazly kompozisiýalar Watan
goragçylarynyň döredilýän mümkinçiliklere buýsanjyny alamatlandyrdy. Her bir
çykyş Watan goragçylarynyň ýürek buýsanjy bolup ýaňlandy. Dabara gatnaşyjylar
uly joşgun bilen bilelikde «Dogum Siz!» atly aýdymy ýerine ýetirdiler. Bu aýdym Ýaragly
Güýçlerimiziň binýadyny kämilleşdirmek boýunça döwrebap harby özgertmeleri
durmuşa geçirýän, ata
Watanymyzyň sarsmaz galasy bolan merdana ýurt goragçylary hakynda aýratyn alada
edýän hormatly belent Serkerdebaşymyza hoşallygyň nyşanyna öwrüldi.
Çykyşlardan soňra ähli Watan goragçylarynyň adyndan Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedow Ýüzlenme kabul edildi.
Şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün
etmekde we harby borja ygrarlylykda tapawutlanan harby gullukçylara döwlet sylaglary
gowşuryldy, ýörite harby atlar atlar dakyldy, hünär derejeleri berildi. Harby
gullukçylaryň ýokary döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy ýurdumyzda Watan
goragçylary hakynda aýratyn alada edilýändigini, olara belent sarpa
goýulýandygyny ýene bir ýola äşgär edýär. Çünki harby we hukuk goraýjy
edaralarynyň harby gullukçylary ata Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň ýerüsti,
deňiz we asman giňişligi boýunça ygtybarly goragyny üpjün edýärler. Şeýle
asylly wezipäni ýerine ýetirýän harby gullukçylara halkymyzyň buýsanjy
çäksizdir.
Sylaglanan harby gullukçylar harby kasamy kabul edip, mukaddes borja wepalylyk bilen hormatly belent Serkerdebaşymyzyň durmuşa geçirýän oňyn özgertmeleriniň dabaralanmagy ugrunda yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.
«Milli goşun».
Has köp suratlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňiz!