Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Berkarar döwletimiziň
bagtyýarlyk döwründe hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallasy bilen
ösüşleriň, öňegidişlikleriň şaýady bolýarys. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz
ýurdumyzyň ösmeginde, özgermeginde ýaşlara has uly ynam bildirip: «Ýaşlar
Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegidir» diýip belleýär.
Şeýle parasatly sözleri durmuşa geçirmekde ýurdumyzda 1991-nji ýylyň 16-njy noýabryndan bäri
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hereket edýär. Gurama dürli ugurlardan
ukyp-başarnygy bolan aýratyn ýaşlary özünde jemleýär. Şunuň bilen bir hatarda,
şeýle ýaşlary ýylyň ýylyna «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen at
bilen sylaglaýar.
Ine, bu ýyl hem Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
döredilen güni mynasybetli edebiýatda,
sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy
goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde üstünlik gazanan we alnyp barylýan içeri
we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň taryhy ähmiýetini
halkymyzyň arasynda wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny
görkezen ýaşlary we olaryň döredijilik toparlaryny «Türkmenistanyň Ýaşlar
baýragynyň eýesi» diýen at bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Şeýle ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby talybynyň we çagyryş
boýunça harby gullukçylarynyň bolmagy has-da buýsandyryjydyr. Ýagny, Harby
institutyň 5-nji ýyl talyby Şöhrat
Akyýew, «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasynyň çagyryş boýunça harby
gullukçysy Baky Amanýazow, Merkezi
serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz toparynyň çagyryş boýunça harby
gullukçysy Ýagşymyrat Annadurdyýew dagylar
«Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen ada mynasyp boldular we olar
degişli şahadatnama, ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.
– Bu serpaý diňe bir biziň üstünligimiz däl, eýsem tutuş Watan goragçylarynyň gazanan üstünligidir. Çünki, hususan-da, biz Watançy ýaşlaryň şeýle sepgitlere ýetmegi, Watançylyk mekdebiniň yzygiderli dowam edýänliginden habar berýär. Şeýle ajaýyp, tolgundyryjy waka biziň kalbymyzda Watana, il-güne, hormatly Belent Serkerdebaşymyza bolan guwanç, buýsanç duýgularyny goşalandyrýar – diýip, «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Baky Amanýazow özüniň ýürek buýsanjyny beýan etdi.
Ýeňijileriň suratlaryna «Multimediýa» bölüminde syn edip bilersiňiz!
«Milli goşun».