milli goshun logo
Watan gahrymanlarynyň edermenligi mawy ekranda
Watan gahrymanlarynyň edermenligi mawy ekranda
22.05.2023 3177 Harby özgertmeler

Ýurdumyzda harby gullukçylaryň watançylyk ruhuny belende götermek hem-de medeniýetli dynç almaklaryny üpjün etmek maksady bilen paýtagtymyzdaky kinokonsert merkezlerinde Watan goragçylary üçin Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» filmi görkezildi. Onda Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmen maşgalasynda bolup geçen waka barada gürrüň berilýär. Filmiň baş gahrymany Ýakup atly sazanda ýigit öz melleginde erik agajyna ideg edip, ondan hasyla garaşýar. Erik agajy hasyl bermänkä, ol urşa gidýär we gelni Näzige agajy guratmazlygy ündeýär. Ol urşa gidip, dereksiz ýitýär. Maşgalabaşysyz galan ene uruş döwrüniň ähli kynçylyklaryna duçar bolýar. Ol maşgalanyň ekleýjisi, adamsyna garaşýan wepaly ýar bolup galýar. Gelni erik agajy gurasa-da, onuň iru-giç gülläp hasyl berjekdigine ynanyp, oňa suw berip, umydyny üzmän yhlas edýär. Ýyllar soňra erik agajy gülleýär we Näzigiň urşa giden ýanýoldaşy Ýakup bilen erik agajynyň aşagynda oturan pursatlary filmde janlandyrylýar. Bu bolsa agzybir maşgalanyň birek-birege ynamynyň, wepasynyň nyşany hökmünde suratlandyrylýar.

Filmiň edebi esasynyň durmuşda bolup geçen wakalardan alynmagy onuň täsirliligini artdyrýar. Ýakubyň Watanyny goramak üçin meýletin urşa gitmegi hakyky türkmen ýigidine mahsus häsiýetleri açyp görkezýär. Filmde oba durmuşy bilen bir hatarda, frontyň ýagdaýy hem jikme-jik beýan edilýär. Hususan-da, olaryň hiç bir zatdan heder etmän, Watan goragy ugrunda janlaryny orta goýmaklary, ýeňşe bolan ynamy tomaşaçylaryň ruhubelentligini artdyrýar. «Daragt» filmine tomaşa eden harby gullukçylar özleriniň şeýle gahrymançylyklary görekezen halkyň ogullarydyklaryna buýsanýandyklaryny bellediler. Olar merdana pederlerimiziň gahrymançylykly ömür we durmuş ýoluny özleri üçin gaýduwsyzlygyň we watansöýüjiligiň nusgasy hökmünde kabul edip, harby kasama wepalylik bilen Watana ak ýürekden gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar. «Daragt» filmine tomaşa etmäge gatnaşan Watan goragçylary özleri hakynda aýratyn alada edýän, milli Ýaragly Güýçlerimiziň dünýä derejesinde kämilleşdirilmegi ugrunda ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Belent Serkerdebaşymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.

Has köp suratlary «Multimediýa» bölümimizde görüp bilersiňiz!