Watan goragçylarynyň
güni mynasybetli dabaralar paýtagtymyzyň
gözel künjeginde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda başlandy.
Harby gullukçylar, harby talyplar we okuwçylar ata-babalarymyzyň
gahrymançylyklarynyň hormatyna bina edilen ýadygärlikler toplumyna ter gül
desselerini goýdular. Halkymyz özüniň gerçek ogullaryny uly hormat bilen
sarpalaýar. Watanymyzyň Garaşsyzlygy ugrunda gaýduwsyzlyk görkezip,
deňsiz-taýsyz edermenligiň nusgasy bolan pederlerimiziň ömür ýoly her bir harby
gullukçy üçin nusgalyk mekdepdir. Ata-babalarymyzyň
merdanalyk ýörelgelerini we gahrymançylyk ruhuny baýdak edinen merdana Watan
goragçylary ýurdumyzyň çäklerini polat gala bolup goraýarlar.
Ykballaryny Watanyň, ene topragyň ykbaly bilen mäkäm
baglap, ak ýürekden gulluk edýän harby gullukçylaryň yhlasy bilen ýurdumyzyň
goranyş ukyby has-da pugtalanýar. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar
Watanymyza wepaly gulluk etmek we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine
ýetirmek üçin döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly belent
Serkerdebaşymyzyň tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.