milli goshun logo
Wada berip bize aýdyň geljegi, bu gün kasam edýär Watan gerçegi
Wada berip bize aýdyň geljegi, bu gün kasam edýär Watan gerçegi
01.09.2018 2141 Harby Bilim | Harby özgertmeler

1-nji sentýabr... Bu günüň özboluşlyja bir täsiri bar. Oňa şol günüň eçilýän şatlygyndan dadanlar has gowy düşünse gerek. Adam öz ömrüniň dowamynda şol bagta ýugrulan günüň birnäçesini biri-birinden tapawutly duýgular bilen başdan geçirýär. Çünki şol gün ynsanyň kämillik derejesini kesgitleýän ylym-bilim hazynasynyň täze tapgyryna barýan ýoluň başlangyjydyr.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmäge, bu ulgamy dünýä derejesinde çykarmaga uly üns berilýär. Ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak, hünär ussatlygyny kämilleşdirmegiň döwletimiziň baş maksatlarynyň biri bolmagynda galýar. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek üçin mähriban Arkadagymyzyň tagallalary bilen köp mukdarda maýa goýumlary sarp edilýär. Ylmyň iň soňky gazananlary, interaktiw-multimediýa, kompýuter tehnologiýalary bilen doly derejede üpjün edilen bilim ojaklary muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Umuman aýdanymyzda, döwletimiz ýaş nesliň döwrebap bilim we terbiýe alyp, ýurdumyza hem-de halkymyza mynasyp  hyzmat etmekleri üçin ähli şertleri döredýär. Bilim almak, hünär öwrenmek halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan, nesilden-nesle geçirip gelýän gymmatly baýlygydyr, durmuş kadalarynyň, medeniýetiň, hem-de tejribäniň egsilmez çeşmesidir. Şoňa görä-de, ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni-durmuş taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek örän ýokary ussatlygy, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan ylymly-bilimli, watansöýüji hünärmenleri taýýarlamagy talap edýär.  

Ilkinji jaňyň kakylmagy bilen şol talaplary doly derejede kanagatlandyrýan  bilim edaralarynyň ählisinde täze okuw möwsüminiň başlanmagy mynasybetli baýramçylyk dabaralary giň gerimli häsiýete eýe boldy. Bilimler we talyp ýaşlar gününe bu dabaralar harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinde we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby mekdeplerinde hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Ýaňy-ýakynda öz uçurymlaryny serkerdelige ugradan harby ýokary okuw mekdeplerinde, hususanam Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda we Harby-deňiz institutynda harby talyplyga gadam basan ýigitlerimiziň ýüzlerinde şatlyk alamatlaryny görmek bolýar. Onuň düýp-teýkarynda Watan söýgüsi köwsarlaýar. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby mekdeplerine ilkinji gadam basan ýetginjekleri göreniňde bolsa, heniz oglan ýaşdan Watana ykbalyny baglan harby okuwçylar kalbyňy buýsançdan doldurýar. Bu mekdepleriň merdi-merdanalagyň mekdebidigini olar ýigit çykyp, Watanymyzyň goragynda sarsman durmak bilen subut ederler. Umuman, harby talyplaryň we harby okuwçylaryň dabaraly harby sazlar bilen utgaşyklykda gadam urup, baýdagyň synyndan öpüp, wepalylyk kasamyny aýdýan sesleri sesýetimden parran geçip, ýüreklere ornaýar. Kasamyna wepaly bolup, Watany beýgeltjek gerçekler harby tälimleriň dürli ugurlary boýunça ähli amatlyklary bolan bu harby bilim ojaklarynda kämil derejede bilim alarlar.

...Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bellenilýän baýramçylyk dabaralary täze okuw möwsüminiň ilkinji gününe özboluşly öwüşgin çaýdy. Gahryman Arkadagymyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde yzygider aladalary netijesinde talyp ýaşlar, okuwçylar döwrebap amatlyklary bolan bilim ojaklarynda bilim alarlar. Ýaşlaryň öz ugrundan ökde hünärmen bolup, şol aladalara mynasyp jogap berjekdiklerine berk ynanýarys!

«Milli goşun».