Beýik Ýeňşiň şanly 75 ýyllygyna döredilen medal ýurdumyzda
Watan gerçekleriniň sarpasynyň ýyl geçdigiçe ýokarlanýandygyndan nyşandyr. Bu
medallar her welaýatda tapgyrma-tapgyr gowşurylýar. Mary welaýatynyň uruş weteranlary,
olaryň ýanýoldaşlary, uruş ýyllarynyň tyl zähmetkeşleriniň ençemesi ýubileý
medallary bilen sylaglandylar.
Medal gowşurmak dabarasyndan soň, maryly
weteranlar bilen geçirilen duşuşyklar terbiýeçilik ähmiýetliligi bilen ýatda
galdy. Her gezekki duşuşyklarda bolşy ýaly, ýagty günler üçin göreşen gerçekler
häzirki bagtyýar zamanamyza buýsanyp ýaşaýandygyny aýdýarlar. Harby
gullukçylarymyza Gahryman Arkadagly Diýarymyzyň goragynda sak durup gulluk
etmelidiklerini sargyt edýärler. Biziň bagtly geljegimiz üçin şirin janyny
gaýgyrman, söweş meýdanynda gahrymanlarça söweşen gerçeklere, uruş
weteranlarymyza tagzym edip, başymyzy egýäris.
Çäräniň suratlaryny «Multimediýa» bölümimizden görüp
bilersiňiz.
«Milli goşun».