09.04.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Ulag we kommunikasiýa pudaklary ýanwar aýynda ýokary netijeleri gazandylar
Ulag we kommunikasiýa pudaklary ýanwar aýynda ýokary netijeleri gazandylar
15.02.2020 156 Habarlar

14-nji fewralda geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer B.Öwezow ulag we kommunikasiýa pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şu döwürde önümçilik meýilnamasy 113,3 göterim berjaý edildi, ösüş depgini 113,1 göterime deň boldy.

Hasabat döwründe «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça ösüş depgini 127,4 göterime, «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça 102,4 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 115,1 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça ösüş depgini 205,2 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça ösüş depgini 107,8 göterime barabar boldy.

Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 102,7 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 101,2 göterime deň boldy.