Şu gün ýaş
watandaşlarymyz tomus dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen ýurdumyzyň gözel ýerlerinde
ýerleşýän çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde dynç almaga ugur alýarlar. Şeýle
merkezleriň biri bolan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň garamagyndaky «Altyn
ýyldyz» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezi hem Watan goragçylarynyň ýaşajyk
perzentleriniň birnäçesini kabul eder. Çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerine
çagalaryň birinji toparyny multifilmleriň we ertekileriň gahrymanlary
paýtagtymyzdan aýdym-sazly dabaralaryň astynda ugratdylar.
Dynç alyş
döwrüniň dowamynda çagalaryň wagtlaryny
şadyýan geçirmeklik üçin «Altyn ýyldyz» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde oýun-güýmenje,
sport we medeni çäreleriň birnäçesi geçiriler.
«Biz mähriban çagalarymyzy beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli adamlar edip ýetişdirmek üçin hemişe alada ederis» diýip, hormatly Belent Serkerdebaşymyz Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli watandaşlarymyza iberen Ýüzlenmesinde nygtaýar. Milli Liderimiziň bu syýasaty biziň jemgyýetimizde ýaş nesile bolan aýratyn aladany emele getirip, olaryň çagalyk döwrüniň bagtly geçmegini gazanmagymyzy borçlandyrýar. «Multimediýa»
«Milli goşun».