Şu gün hormatly Belent
Serkerdebaşymyzyň Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
Merkezi serkerdeler öýünde harby gullukçylaryň birnäçesine Watan goragçylarynyň
güni mynasybetli mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, Watanymyzyň
goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlary hem-de jemgyýetimizde
kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmekde bitiren hyzmatlary üçin nobatdaky harby
atlar dakyldy. Dabaraly çärä milli goşunymyzyň serkerdeleri, harby talyplar,
okuwçylar hem-de goşun görnüşleriniň esgerleri gatnaşdylar.
Baýramçylyk çäresi harby
däp-dessurlaryň berjaý edilmegi bilen geçirildi. Bu çäre ýurdumyzda hormatly
Belent Serkerdebaşymyzyň ýolbaşçylygynda merdana Watan goragçylary hakynda
edilýän aladanyň nobatdaky subutnamasy boldy. Dabaranyň soňunda nobatdaky harby
atlary alan harby gullukçylar mähriban halkymyza, eziz Watanmyza ak ýürekden
wepaly gulluk etjekdikleri barada dabaraly kasam kabul etdiler.
«Milli goşun».