milli goshun logo
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň göreldeli harby bölümleri sylaglandy
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň göreldeli harby bölümleri sylaglandy
23.01.2020 4002 Harby özgertmeler

Şu gün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň medeniýet öýünde geçen 2019-njy ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň göreldeli harby bölümlerini sylaglamak mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi.

Harby bölümleriň şahsy düzüminiň düzgün-nyzamyny berkitmekde, söweşjeň we gumanitar taýýarlygyny ýokarlandyrmakda alyp baran işleri seljerildi we bu babatda tapawutlanan harby bölümler ýeňiji diýlip yglan edildi. Ýeňiji harby bölümlere gymmat bahaly sowgatlar, Hormat hatlary we göçme wympelleri gowşuryldy.

Sylaglamak dabarasy uly ruhubelentlige beslenip, harby däp-dessurlaryň berjaý edilmegi bilen geçirildi. Göreldeli harby bölümleriň serkerdeleri Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza wepaly gulluk etjekdikleri barada dabaraly kasam etdiler.

          «Milli goşun».