Häzirki wagtda güýzki çagyryş möwsüminiň
çäklerinde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň hataryna
ýurdumyzyň ähli harby wekillikleri tarapyndan raýatlary harby gulluga çagyryş işleri
üstünlikli amala aşyrylýar. Biz hem öz nobatymyzda çagyryşa degişli raýatlaryň milli goşunymyza kabul edilişiniň
hereket edýän tertibi baradaky maglumatlary okyjylarymyza ýetirmegi makul
bildik.
Ýagny, bu döwür harby gulluga çagyryşa degişli
raýatlara etrap ýa-da etrap hukukly şäher harby wekilliginden çagyryş hatynyň
gelip gowuşmagyndan başlanýar. Olar çagyryş hatynda görkezilen wagtda harby
wekillige gelip, bilimi, maşgala ýagdaýy we beýleki şahsy maglumatlary barada
harby wekilligiň işgärleri bilen gürrüňdeş bolup, lukmançylyk barlagyndan
geçýärler. Raýatlar özlerinden soralýan ähli maglumatlar we milli goşunymyzda
gulluk etmäge bökdençlik döredip biljek özlerinde bar bolan ýagdaýlary barada
habar bermäge borçludyrlar.
Eger-de haýsydyr bir keseliň bardygy ýüze çykarylsa
ýa-da onuň bardygy güman edilse, degişli saglyk edaralaryna ýollanma haty
berilýär. Şonuň esasynda raýat, ýollanan saglyk edarasynda goşmaça lukmançylyk
barlaglardan geçip, gerek bolsa bejergi alyp, olaryň netijeleri bilen harby
wekilligi öz wagtynda habarly etmäge borçlandyrylýar.
Soňra harby wekillikleriň lukmançylyk topary
tarapyndan doly derejede seljerilýär we raýatyň harby gulluga ýaramlylygy
barada ýa-da gollanmalaryň talaplaryna laýyklykda beýleki degişli netijeler
çykarylýar hem-de çagyryş toparyň başlygynyň garamagyna geçirilýär we raýata ýaramlylygy
hem-de harby gulluga çagyrylýandygy barada habar berilýär, şeýle hem çagyryş
haty gowşurylýar.
Eger raýat işleýän bolsa, ol çagyryş hatyny şol
edaranyň işgärler bölümine görkezmeli. Iş beriji edara bolsa öz gezeginde harby
gulluga çagyrylýan raýatyň iş ornuny saklap galmaly, doly däl aýyň dowamynda
işlän günleri üçin zähmet hakyny raýatyň bank kartyna geçirmeli.
Çagyryş hatynda görkezilen wagtda etrap (şäher)
harby wekillige gelen raýat bellenen topary bilen welaýat (welaýat hukukly
şäher) harby wekilligine iberilýär we gutarnykly lukmançylyk barlagyndan
geçirilýär. Soňra raýatlar ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň
wekillerinden ybarat bolan çagyryş topary tarapyndan olaryň hünärleri, başarnyklary, ukyplary dogrusynda gürrüňdeşlik geçirilýär we
onuň esasynda raýatyň çagyryş boýunça harby gullugyny haýsy goşun görnüşlerinde
geçjekdigi kesgitlenýär.
Eger-de çagyryş toparynyň raýaty harby gulluga
ugratmak hakyndaky kesgitli netijä gelen güni bellenen harby bölüme
ugradylmadyk ýagdaýynda, onda raýata welaýat
(welaýat hukukly şäher) harby wekilligine ýene-de gelmeli güni görkezilip
çagyryş haty berilýär.
Bellenilen toparlaryň gitmeli günleri harby
bölümleriň serkerdeleri tarapyndan ýörite bellenilen harby gullukçylar topary
kabul edip alýar we harby wekillikleriň wekilleri bilen demir ýol menziline
baryp, olar dabaraly ýagdaýda harby bölümlere ugradylýar.
Harby gulluga çagyrylýan raýatlara öz ýanlary
bilen ýuwunmak üçin serişdelerini we bar bolan ýagdaýynda sürüjilik şahadatnamasyny
almagy maslahat berilýär.
Raýatlar harby wekilliklerden harby bölümlere
ugradylan gününden harby gullukçylaryň statusyna eýe bolýarlar.
«Milli goşun».