milli goshun logo
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde gyş paslyna ýokary derejede taýýarlyk görüldi
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde gyş paslyna ýokary derejede taýýarlyk görüldi
02.01.2020 3643 Harby özgertmeler

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde gyş paslyna ýokary derejede taýýarlyk görüldi. Çagyryş boýunça harby gullukçylaryň gulluk şertlerine aýratyn üns berilip, milli goşunymyzyň harby bölümleri we beýleki desgalary gyşa taýýarlanyldy.

Watan goragçylary öz wagtynda ýyly eşikler we aýakgaplar bilen üpjün edildi. Gyş paslyna görä esgerler üçin naharhanalaryň naharsanawlary hem üýtgedildi. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş üpjünçilik we tyl müdirligi harby bölümleri gerekli möçberde immuna goraglylygyny ýokarlandyrmaga we saglygy berkidýän azyk önümleri bilen yzygiderli üpjün edýär.

Ministrligiň Jaý ulanyş we gurluşyk müdirligi tarapyndan ýyladyş ulgamlary talaba laýyk dolandyrylýar. Harby bölümleriň esger ýatakhanalarynyň we gulluk jaýlarynyň gyzgynlyk derejesi kada laýyk saklanýar.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-lukmançylyk müdirligi tarapyndan öz wagtynda harby gullukçylaryň arasynda lukmançylyk barlaglary yzygiderli geçirilýär.

 «Milli goşun».