1-nji iýulda Bütindünýä Söwda Guramasyna
(BSG) “Fokusda goşulmak: Ýewraziýa” atly onlaýn seminaryň bäşinji mejlisi
geçirildi. Bu mejlisde ýurdumyza Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň
orunbasary W.Hajiýew wekilçilik etdi.
Daşary işler ministriniň orunbasary
Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna synçy hökmünde goşulmak baradaky
pozisiýasyny görkezdi we bu meseläni öwrenmek üçin ýurtda ýerine ýetirilen uly
taýýarlyk işleri barada maglumat berip, üç möhüm ugry belläp geçdi. Bütindünýä
Söwda Guramasyna synçy hökmünde gatnaşmak, Türkmenistanyň halkara ykdysady
gurluşlaryna goşulmagyna, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegine, maýadarlar we
söwda hyzmatdaşlary üçin kepillikleri we aç-açanlygy üpjün eder, şeýle hem
ýurduň täjirçilik meselelerinde pozisiýasyny güýçlendirer.
Şeýle hem taraplar, geljekki hyzmatdaşlyk
boýunça meseleleriň birnäçesiniň hataryna seredip, Bütindünýä Söwda Guramasyna
goşulmagyň tertibi baradaky meseleler boýunça tekliplerini hem-de garaýyşlaryny
beýan etdiler.