05.07.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
26.05.2020 89 Habarlar

25-nji maýda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyk iki ýurduň Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamyna öwrüldi.

Habar berlişi ýaly, doganlyk döwletleriň Prezidentleri söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň daşary syýasat edaralaryna hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, şol gatnaşyklaryň esasyny düzýän ulag-üstaşyr hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary, beýleki möhüm ugurlar boýunça özara gatnaşyklary giňeltmek babatda tabşyryklary bermek barada ylalaşdylar.

Onlaýn duşuşygyň barşynda ministrler döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de dünýäniň häzirki ýagdaýlaryny nazara almak bilen ýakyn geljek üçin özara mümkinçilikleri amala aşyrmagyň täze ugurlaryny kesgitlediler. Diplomatlar hyzmatdaşlygyň tejribesine daýanmak bilen COVID-19 pandemiýasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça tagallalary birleşdirmegiň ähmiýetini aýratyn bellediler.