30.10.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
03.09.2020 79 Habarlar

2-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Çingiz Aýdarbekow bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikler göni wideoaragatnaşyk arkaly guraldy.

Işjeň söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibine seredip geçdiler, şonuň ýaly-da Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň III Konsultatiw duşuşygyna görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda pikirleri alyşdylar.

Şeýle-de ministrler ikitaraplaýyn özarahereketleriň derwaýys meselelerine seredip geçdiler, bu ugurda iki ýurduň döwlet we hususy pudagynyň wekilleriniň yzygiderli duşuşyklarynyň dikeldilmegi ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn temasy boldy.