1-nji
madda. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medalyny döretmeli.
2-nji
madda. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medalynyň Düzgünnamasyny
tassyklamaly (goşulýar).
3-nji
madda. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medalynyň Ýazgysyny we plankasynyň
Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat
şäheri. 2019-njy ýylyň 30-njy noýabry.
Türkmenistanyň «Türkmen
edermen» medalynyň Düzgünnamasy
1. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly
Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.
2. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyny,
özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramakda,
kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde, aýratyn möhüm hem-de çylşyrymly
wezipeleri ýerine ýetirmekde şahsy edermenlik görkezendikleri, şeýle hem öz
jany üçin howply şertlerde gulluk borjuny berjaý etmekde bitiren aýratyn hyzmatlary
üçin harby gullukçylary we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini sylaglamak
maksady bilen döredildi.
3. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyny,
özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramakda;
kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde; aýratyn möhüm hem-de çylşyrymly
wezipeleri ýerine ýetirmekde, öz jany üçin howply şertlerde gulluk borjuny
berjaý etmekde aýratyn hyzmatlary bitiren, şahsy edermenlik görkezen, Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet serhet
gullugynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň harby
gullukçylary we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda harby gulluk göz öňünde
tutulan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň harby
gullukçylary hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri sylaglanylýar.
4. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen
şu Düzgünnamanyň üçünji böleginde görkezilen hyzmatlary ýerine ýetirip, ölen
(wepat bolan) harby gullukçylar we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri
sylaglanyp bilner.
5. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen
sylaglamak Türkmenistanyň Goranmak ministriniň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk
ministriniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň, Türkmenistanyň Döwlet
serhet gullugynyň başlygynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk
gullugynyň başlygynyň we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda harby gulluk
göz öňünde tutulan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de
hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň teklipnamasy esasynda Türkmenistanyň
Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy tarapyndan
amala aşyrylýar.
6. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen
sylaglanan adamlara:
Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly we onuň
şahadatnamasy gowşurylýar;
iň pes zähmet hakynyň üç essesi möçberinde
birwagtlaýyn baýrak tölenilýär.
Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglanan
adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda we tertipde
ýeňilliklerden peýdalanýarlar.
Türkmenistanyň «Türkmen
edermen» medalynyň Ýazgysy
Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly gymmat
bahaly daşlar bilen bezelen, umumy diametri 45 mm bolan tegelek görnüşindedir.
Medalyň daş-töwereginden geçýän ini 2 mm bolan düşegi sary reňk bilen
syrçalanan tegelek halkasy her biriniň diametri 1 mm bolan ak reňkli 111 sany
sirkoniý daşlary bilen jäheklenen.
Medalyň daşky tegeleginiň içinde ini 3 mm bolan
düşegi ýaşyl reňk bilen syrçalanan tegelek halkanyň iki gapdal tarapynda her
biriniň uzynlygy 29,5 mm bolan altyn çaýylan ýaýyň ikisi ýerleşdirilen. Daşky
halkanyň ýokarky we aşaky böleklerinde her biriniň diametri 3 mm bolan on sany
altyn çaýylan sekizburçly ýyldyzlar ýerleşdirilen. Sekizburçly ýyldyzlaryň
içinde her biriniň diametri 1,5 mm bolan ýaşyl reňkli sirkoniý daşlary
ýerleşdirilen.
Medalyň merkezi böleginde ini 1,50 mm, diametri 34
mm bolan altyn çaýylan alaja şekilli tegelek ýerleşdirilen. Ýaýlaryň we alaja
şekilli tegelegiň arasynda Gün şöhleleri we ýaýyň oklarynyň simwoliki
görnüşleri şekillendirilen. Tegelegiň arka tarapynda iki sany altyn çaýylan
atanaklaýyn geçirilen gylyçlaryň saplarynyň şekili ýerleşdirilen.
Medalyň içki tegeleginde ini 4 mm bolan sary çyzyk
bilen halkalanan, diametri 22,5 mm bolan ýene-de bir tegelek ýerleşdirilen.
Düşegi ýaşyl reňk bilen syrçalanan bu halkanyň içinde harplaryň beýikligi 2 mm
bolan «TÜRKMEN EDERMEN» diýen altyn çaýylan ýazgy we diametri 3 mm bolan altyn
çaýylan üç sany sekizburçly ýyldyzlar ýerleşdirilen, sekizburçly ýyldyzlaryň
içinde her biriniň diametri 1,5 mm bolan ýaşyl reňkli sirkoniý daşlary
ýerleşdirilen. Halkanyň aşaky böleginde sekizburçly ýyldyzdan iki gapdala
ýaýrap gidýän, uzynlygy 11 mm deň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň nyşany bolan
zeýtun şahalarynyň şekili ýerleşdirilen.
Medalyň merkezi böleginde güberçek görnüşde
diametri 20 mm bolan kümüşsöw reňkli sekizburçluk ýerleşdirilip, sekizburçlugyň
düşegi altyn bilen çaýylýar, onuň merkezinde beýikligi 12 mm bolan, altynsow we
kümüşsöw reňkli, boýnuna türkmen milli alajasy dakylan türkmen alabaý itiniň
kellesiniň şekili ýerleşdirilen.
Medalyň arka tarapynyň merkezinde daşky tegelek
bilen 2,5 mm aralykda diametri 40 mm bolan güberçek görnüşinde tegelek
ýerleşdirilen. Tegelegiň merkezi böleginde aýlaw görnüşinde oýulyp
şekillendirilen, harplaryň beýikligi 2,5 mm bolan «TÜRKMEN EDERMEN» diýen ýazgy
we her biriniň diametri 3 mm bolan üç sany sekizburçly ýyldyzlar ýerleşdirilen.
Medalyň arka tarapynyň aşaky böleginde oýulyp şekillendirilen, sekizburçly
ýyldyzdan iki gapdala ýaýrap gidýän, uzynlygy 11 mm deň Türkmenistanyň
Bitaraplygynyň nyşany bolan zeýtun şahalarynyň şekilleri ýerleşdirilen.
Medal altyn çaýylan halkajyk arkaly ini 34 mm,
beýikligi 15 mm bolan iki gapdaly kertikli, daş-töweregi altyn çaýylyp
jäheklenen we ýaşyl reňk bilen syrçalanan kolodka birleşdirilýär. Kolodkanyň
merkezinde umumy diametri 9 mm bolan, güberçek görnüşli, altyn çaýylan alaja şekili
we her biriniň diametri 1 mm bolan ak reňkli 16 sany sirkoniý daşlary bilen
jäheklenen galkan we onuň arka tarapynda iki sany altyn çaýylan atanaklaýyn
geçirilen gylyçlaryň saplarynyň şekili ýerleşdirilen, gylyçlaryň uçlary
galkanyň daşyna çykyp dur. Galkanyň merkezi böleginde bäş ýyldyzly, diametri
3,5 mm bolan ýarymaý we iki gapdala ýaýrap gidýän Türkmenistanyň Bitaraplygynyň
nyşany bolan zeýtun şahalarynyň şekili ýerleşdirilen.
Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly we onuň
kolodkasy 925 mähekli altyn çaýylan kümüşden ýasalan.
Medaly geýime dakmak üçin kolodkanyň arka
tarapynda ildirgiji bar.
Türkmenistanyň «Türkmen
edermen» medalynyň plankasynyň Ýazgysy
Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medalynyň
plankasy ýaşyl reňk bilen syrçalanan. Onuň merkezinde güberçek görnüşinde
diametri 6,5 mm deň bolan galkan ýerleşdirilen. Galkanyň daş-töweregi altyn
çaýylan alaja şekili we ak reňkli 16 sany sirkoniý daşlary bilen jäheklenen.
Galkanyň arka tarapynda iki sany atanaklaýyn geçirilen gylyçlaryň saplarynyň şekilleri
ýerleşdirilen. Galkanyň merkezi böleginde bäş ýyldyzly ýarymaýyň we iki gapdala
ýaýrap gidýän Türkmenistanyň Bitaraplygynyň nyşany bolan zeýtun şahalarynyň
şekilleri ýerleşdirilen.
Medalyň plankasynyň ölçegi ini 24 mm we beýikligi 10 mm bolup, ol mis bilen nikeliň garyndysyndan ýasalan.