05.07.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
30.06.2020 34 Habarlar

29-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Prezident Şawkat Mirziýoýew türkmen kärdeşini durmuşynda unudylmajak we şatlykly sene — 63 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk hem-de ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şunda Özbegistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşyň ähli ulgamlarynda ajaýyp üstünliklere eýe bolýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, döwletimiziň Özbegistan Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýändigini, bu ýurda özüniň ýakyn goňşusy hem-de öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde garaýandygyny belledi.