30.10.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
04.09.2020 134 Habarlar

3-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Serjio Mattarella hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny anyklaşdyryp, söwda-ykdysady ulgamy şolaryň hatarynda görkezdiler. Şunuň bilen baglylykda, Italiýanyň Ýewropa döwletleriniň arasynda Türkmenistanyň iň iri ykdysady hyzmatdaşy bolup durýandygy bellenildi.

Geçen ýyl Italiýa ýurdumyzyň daşary söwdasynda 3-nji orny eýeledi. Şunda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy bir ýarym milliard amerikan dollaryndan gowraga barabar boldy. Häzirki wagtda Italiýanyň türkmen önümleriniň eksporty boýunça hyzmatdaşlaryň sanawynda ikinji orny eýeleýändigi bellärliklidir.

Geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň hatarynda Türkmenistanda Gün batareýalary üçin panelleri çykarýan kärhanany, keramiki önümleri öndürýän önümçiligi döretmek, döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly ýüňi gaýtadan işlemegi ýola goýmak ýaly taslamalar bar.