Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk
döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da
berkitmek, türkmen halkynyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna aýawly çemeleşmek,
gymmatly ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem
Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
1. Türkmen halkynyň Milli baýramy
bolan Oraza baýramyny 2020-nji ýylyň 24-nji maýynda bellemeli.
2. 2020-nji ýylyň 24-nji maýyndaky
dynç gününi 25-nji maýa — duşenbe gününe geçirmeli.
3. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini
eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün
etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň
22-nji maýy.