15-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň
Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin
Samarkanda gelen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk
Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplaryň ikitaraplaýyn, şeýle-de
köptaraplaýyn esasda, şol sanda «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşinde özara
bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy beýan
edildi.
Syýasy gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady
bilen, hormatly Prezidentimiz iki ýurduň Daşary işler ministrliklerine «Ýol
kartasyny» taýýarlamagy tabşyrmagy teklip etdi. Oňa ýokary derejedäki
gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de hökümetara we parlamentara gatnaşyklary
ösdürmek baradaky teklipler girizilse, maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini
hasaba alyp, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň
nobatdaky mejlisini taýýarlamak we geçirmek teklip edildi. Şeýle-de, «Bir
guşak, bir ýol» strategiýasyny «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek»
konsepsiýasy bilen utgaşdyrmak hakynda ikitaraplaýyn resminama gol çekmek
meselesine garamaga türkmen tarapynyň taýýardygy beýan edildi.