26-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek gynanç sözlerini beýan etdi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti ömrüni Türkmenistanyň halkyna gulluk etmäge bagyşlan M.Berdimuhamedowyň ýaş nesil üçin görelde mekdebi bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidentine we dogan-garyndaşlaryna şu agyr wagtda güýç-gaýrat arzuw etdi.
Dostlukly ýurduň Prezidenti döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini nazara almak bilen guralýan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň işjeň ilerledilýändigi üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, rus tarapynyň ýokary wezipeli türkmen wekiliýetiniň 29-30-njy aprelde Kazan şäherinde geçiriljek Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagyna ýokary baha berýändigi bellenildi.