milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisine gatnaşyjylara wideoýüzlenmesi
Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisine gatnaşyjylara wideoýüzlenmesi
23.09.2020 917 Habarlar

Hormatly jenap Başlyk!

Hormatly jenap Baş sekretar!

Ilki bilen jenap Wolkan Bozkyry Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygy wezipesine saýlanylmagy bilen gutlamaga hem-de oňa bu jogapkärli wezipede üstünlikleri arzuw etmäge rugsat ediň.

Jenap Tijany Muhammad-Banda BMG-niň Baş Assambleýasynyň tamamlanan 74-nji mejlisiniň başlygy hökmünde onuň alyp baran başarnykly we netijeli işleri üçin biziň tüýs ýürekden minnetdarlygymyzy kabul etmegini haýyş edýärin.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Hanymlar we jenaplar!

Men çykyşymy Ýer ýüzüniň koronawirus pandemiýasynyň täsirine döz gelmedik ýaşaýjylarynyň sanynyň ýüz müňlerçä ýetmegi zerarly, çuňňur gynanç sözlerini beýan etmekden başlamak isleýärin.

Men şeýle hem lukmanlara, bu ulgamyň işgärlerine, tehniki hünärmenlerine, meýletinçilere, dünýäniň dürli künjeklerinde adamlaryň ömrüni we saglygyny halas etmegiň hatyrasyna ençeme aýlaryň dowamynda yhlasly zähmet çekýänleriň ählisine guwanýandygymy aýdýaryn hem-de olara minnetdarlyk bildirýärin.

Biziň üns-aladamyz umyt we ynam bilen pandemiýanyň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen waksinalary hem-de derman serişdelerini döretmegiň üstünde işleýän alymlara, barlagçylara gönükdirilendir.

Olara minnetdarlyk bildirip, bu möhüm işde hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygymyzy beýan edip ýüzlenýärin.

Hawa, häzirki wagtda biz, ilkinji nobatda, adamzadyň ХХI asyrda ýüzbe-ýüz bolan täze howpy barada aýtmaga mejbur bolýarys.Gysga döwrüň içinde COVID-19 hakyky we belki-de, döwrüň iň howp salýan wehimine öwrüldi. Ol hiç bir serhetsiz, adamlaryň gelip çykyşyna we milletine parh goýmaýan, ösen dünýäniň ähli ulgamlaryna örän ýaramaz täsirini ýetirýän ählumumy möçberdäki wehimdir. Belki-de, ençeme onýyllyklaryň dowamynda bütin dünýä umumy howpuň öňünde ilkinji gezek özüniň ejizdigini ýiti duýdy.

Şoňa görä-de, ony diňe jebislik we raýdaşlyk bilen ýeňip geçmegiň hem-de bu göreşden täze, has paýhasly, jogapkärli we öňden görüjilikli bolup üstün çykmagyň mümkindigine ynam we umyt bildirýäris. Häzirki döwrüň kynçylyklaryna we garşylyklaryna garamazdan, hut şu ýagdaýlar tutuş Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň ykbaly üçin gowulyga tarap üýtgemäge bize mümkinçilik berýär. Şu mümkinçiligi ýitirmezlik, mynasyp hereketleri, agzybirligi we hakyky ynsanperwerligi görkezmek biziň iň beýik syýasy we ahlak borjumyzdyr.

Hormatly jenap Prezident!

Dünýäde pandemiýanyň ýaýrap başlan ilkinji pursatlaryndanTürkmenistan bu howpa garşy hereket etmek boýunça zerur çäreleri iş ýüzünde amala aşyrmaga girişdi. Öz wagtynda netijeli gorag çäreleri geçirildi, koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek boýunça ýeke-täk milli strategiýa işlenip düzüldi. Guramaçylyk, hukuk, maliýe, ykdysady, lukmançylyk we arassaçylyk-karantin häsiýetili çäreleriň toplumy şol strategiýanyň özenini düzdi.

Şol birwagtda biziň ýurdumyz ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara guramalaryň ugry boýunça hem ýakyndan halkara gatnaşyklaryny ýola goýdy. Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly özara gatnaşyklaryny bellemek gerek.

Şunuň bilen baglylykda, biz BMG-niň Baş sekretarynyň şu ýylyň 23-nji we 30-njy martynda eden çykyşlaryndaky çagyryşlaryny hem-de ýüzlenmelerini doly goldaýarys.

Baş sekretaryň başlangyçlaryny üns merkezinde saklap, Türkmenistanda döwlet derejesinde ýurdumyzyň ýiti ýokanç kesellerine garşy hereket etmäge we täsir etmäge taýýarlygy üpjün etmegiň Milli meýilnamasy tassyklanyldy. Şeýle hem koronawirus pandemiýasyna garşy hereket etmek boýunça dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasy işlenilip taýýarlanyldy we kabul edildi.

Şonuň bilen birlikde, Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen özüniň köpýyllyk we netijeli hyzmatdaşlygyny dowam edýär. Biz koronawirusa garşy göreşmekde BSGG-niň eýeleýän ornuna ýokary baha berýäris. Onuň teklipleri biziň ýurdumyzda özüniň esaslandyrylandygyny görkezdi hem-de lukmançylyk we beýleki edaralaryň işlemegi üçin möhüm ugur görkeziji bolup durýar. Biz Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňelderis we anyklaşdyrarys, ony ulgamlaýyn, uzakmöhletleýin derejä çykararys.

Pandemiýany çalt ýeňmek üçin hünärmenleriň ýakyndan utgaşykly işlemegi we bütin dünýäniň ylmy-lykmançylyk jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň birleşdirilmegi ähli döwürdäkilerden has zerur bolup durýar. Howply ýokanç keselleriň meseleleri boýunça toplumlaýyn, ulgamlaýyn we maksada gönükdirilen köptaraply gatnaşyklaryň, ylmy diplomatiýanyň ýollaryny doly açmagyň häzirki wagtda zerurdygyna ynanýarys.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan degişli halkara gurallaryny işläp taýýarlamak we döretmek meselelerine garamagy teklip edýär. Hususan-da, BSGG-niň howandarlygynda:

- koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýörite maksatnamasyny döretmegi;

- pnewmoniýa garşy göreşmek boýunça köptaraply guraly işläp taýýarlamagy;

- ýiti ýokanç kesellerini bejermek we olaryň öňüni almak boýunça Usulyýet merkezini döretmegi maksadalaýyk hasaplaýarys.

Gyzyklanma bildirýän döwletleriň we halkara düzümleriň ählisi bilen bu başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça giňişleýin pikir alyşmaga taýýardyrys.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Koronawirus pandemiýasy ählumumy ykdysadyýetiň barşyna we ugurlaryna ep-esli derejede ýaramaz täsirini ýetirýär, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny çynlakaý bökdeýär. Şu babatda ykdysady we söwda gatnaşyklaryny dikeltmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine umyt edýäris.

Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetini durnukly ösüş ýoluna çykarmak üçin şertleri döretmek zerurdyr.Biziň pikirimizçe, şunda energetika, ulag, senagat we söwda ulgamlary möhüm ugurlar bolmalydyr.

Şunuň bilen baglylykda, 75-nji mejlisiň barşynda Türkmenistan energiýanyň iberilmeginiň durnuklylygy we ygtybarlylygy ulgamynda BMG-niň halkara-hukuk guralyny döretmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi maksat edinýär.

Türkmenistan ulag meselesi babatda giň halkara gatnaşyklarynyň başyny başlaýjylaryň biri hökmünde adatdan daşary ýagdaýlaryň döwründe halkara ýük daşalyşynyň durnuklylygyny üpjün etmek meselelerine garamagy teklip edýär. Biziň ýurdumyz tarapyndan Baş Assambleýanyň Kararnamasynyň degişli taslamasy taýýarlanylyp, ol BMG-a agza döwletleriň garamagyna iberildi.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň geljek ýyl Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara maslahaty bu mesele babatda ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin anyk meýdança öwrüler diýip pikir edýäris.

Dünýä ykdysadyýetini dikeltmek, söwdany we maýa goýumlaryny höweslendirmek boýunça işlerde Bütindünýä söwda guramasy öz üstüne esasy wezipäni almalydyr. Türkmenistan ýakynda BSG-niň synçy derejesini alandygyny ugur edinip, şunuň bilen baglylykda, ählumumy ykdysadyýetdäki çökgünlik ýagdaýlaryny çalt ýeňip geçmek, ony oňyn depginli ösüşe geçirmek boýunça anyk çäreleri öňe ilerletmek üçin açylýan mümkinçilikleri netijeli peýdalanar.

Hormatly wekiliýetleriň ýolbaşçylary we agzalary!

Koronawirus pandemiýasy dünýäniň örän köp ýurtlaryna ol ýa-da beýleki derejede degdi. Ýöne, ol ekologiýa nukdaýnazaryndan oňaýsyz bolan sebitlere aýratyn howp salýar. Gynansak-da, Ýer ýüzüniň kartasynda şeýle sebitler az däl, bir çykyşyň dowamynda olaryň ählisi barada aýtmak mümkin däl.Şoňa görä-de, men Merkezi Aziýanyň halklary we döwletleri üçin örän möhüm ähmiýete eýe bolan meseläni gozgamak isleýärin. Gürrüň Aral heläkçiliginiň zolagy barada barýar.

Pandemiýa bilen baglylykda, ol ýerdäki ýagdaýlar ýitileşip, adamlaryň ömrüne we saglygyna hakyky howp salýar, ýokanjyň giňden we çalt ýaýramak howpy ep-eseli ýokarlandy. Şunuň ýaly şertlerde, biz dünýä jemgyýetçiligini Aral we Aralýaka meselelerine örän uly üns bermäge çagyrýarys.

Elbetde, BMG-niň ugry boýunça bolşy ýaly, halkara guramalaryň gatnaşmagynda hem ol ýerde az bolmadyk belli bir işler alnyp barylýar, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işine ýardam berilýär.

Bu hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirýärin, işgärleriň zähmetine ýokary baha beýäris. Ýöne – açyk aýtjak -- häzirki wagtda bu işler heniz ýeterlik däldir. Araly halas etmek işinde has giň çäreler, şol ýerlerde ýaşaýan adamlara iş ýüzünde anyk kömek we goldaw zerurdyr.

Şoňa görä-de, Aral meselesinde ulgamlaýyn we toplumlaýyn çemeleşmäniň, degişli resminama-hukuk üpjünçiligiň zerurdygyna hem-de onuň Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň aýratyn bir ugry hökmünde öňe çykarylmalydygyna ynanýarys.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Aral deňziniň gurşawy üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmek boýunça başlangyjy öňe sürdi. Şeýle hem 2018-nji ýylyň aprel aýynda we 2019-njy ýylyň maý aýynda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda» Kararnamalarynyň möhümdigini belleýäris. Şol resminamalar häzir Aral meselesi ugrunda bilelidäki tagallalary birleşdirmek üçin meýdança hökmünde çykyş edýär.

Aral meselesini çözmegiň halkara-hukuk esaslaryny döretmek boýunça işleri ösdürip, 2021-nji ýylyň maý aýynda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ýkdysady we Durmuş toparynyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde Türkmenistan Aral boýunça geljekki Ýörite maksatnamanyň konsepsiýasynyň ilkibaşky taslamasyny we düzümini hödürlär. Ähli döwletleri hem-de gyzyklanma bildirýän guramalary bu resminamalary ara alyp maslahatlaşmaga çagyrýarys.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Baş Assambleýanyň şu mejlisi, gynansak-da, häzirki döwürde dünýäde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlar, harby-syýasy garşylyklaryň barha ýaýbaňlanmagy bilen baglylykda geçýär.

Bu wakalara, olaryň sebäp-derňew arabaglanyşyklyklaryna baha berlişi tapawutly bolup biler. Ýöne, bir zat aýdyňdyr: olar umumy halkara ýagdaýyna ýaramaz täsir edýär, howpsuzlygyň ählumumy gurluşynyň esaslaryna şek ýetirýär, ykdysady, söwda, ynsanperwer gatnaşyklarynyň amala aşyrylmagyny kynlaşdyrýar. Dawalaryň ýüze çykyp biljek mümkinçiligi bolan ýerleriň giňemek, dartgynlylyk ojaklarynyň möwjemek, gapma-garşylyklaryň dürli görnüşlerine gatnaşjaklaryň sanynyň barha artmak howplary bar.

Soňky wagtlarda halkara hukugyna biperwaý garamak ýaly ýüze çykýan ýagdaýlar aýratyn alada döredýär. Emele gelen ýagdaýlarda, halkara hukugynyň eýeleýän ornuny, ählumumy howpsuzlygyň bar bolan ulgamynyň köptaraply hukuk gurallaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalaryň birleşdirilmegi, ähli ýurtlar tarapyndan BMG-niň Tertipnamasyndan gelip çykýan umumy ykrar edilen kadalaryň yzygiderli berjaý edilmegi zerurdyr. Diňe şeýle etmek bilen, dünýä syýasatyndaky durnuklylygy we geljege bolan ynamy saklap bolar, dawalaryň ýüze çykmak töwekgelçiligini azaldyp bolar.

Bu maksada ýetmegiň ýollarynyň biri halkara syýasatynda ynanyşmagy täzeden dikeltmekden, özara hormat goýmak gatnaşyklarynyň medeniýetini berkarar etmekden ybaratdyr.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul etdi. Türkmenistan bu resminamanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilmegi babatda geljek ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyny geçirmek başlangyjyny öňe sürýär.Onuň häzirki döwrüň ählumumy gün tertibiniň iň möhüm meseleleri boýunça netijeli we özara hormata daýanýan köptaraply gatnaşyklara kuwwatly itergi berjekdigine ynanýarys.

Hormatly jenap başlyk!

Şu ýyl Türkmenistan öz häzirki zaman taryhynda şanly senäni – 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň üsti bilen halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ýurdumyza hemişelik Bitaraplyk derejesiniň berkidilen senesiniň 25 ýyllygyny belleýär.

Çärýek asyr bäri Bitaraplyk Türkmenistan üçin onuň döwletliliginiň, alyp barýan daşary we içeri syýasatynyň esaslarynyň biri bolup durýar. Bitaraplygyň ýörelgeleri, onuň gymmatlyklary hem-de dünýä garaýyşyýurdumyzyň milli bähbitlerine, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna we wezipelerine özüniň doly kybap gelýändigini subut etdi.

2017-nji ýylyň fewral aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň agza döwletleriň örän köpsanlysynyň awtordaşlygynda 12-nji dekabry Halkara Bitaralpyk güni diýip biragyzdan yglan edendigi kanunalaýykdyr.

Türkmenistanyň Bitaraplygy – munuň özi syýasatda, ykdysadyýetde, daşky gurşawy goramak işinde, ählumumy azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde deňhukukly, hormat goýmak, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk, Ýer ýüzüniň tebigy serişdelerini adalatly we netijeli paýlamak, bosgunlara, göçe-göçlükde ýaşaýanlara we raýatlygy bolmadyk adamlara kömek we goldaw bermek üçin, häzirki zaman dünýäsiniň ençeme beýleki möhüm meselelerini çözmäge çagyryşdyr hem-de şertleriň döredilmegidir.

Türkmenistanyň Bitaraplygy -- munuň özi parahatçylyk döredijilikli ýokary wezipedir, parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly ýurdumyzyň dünýä we sebit derejelerinde ýüze çykýan ähli meseleleriň çözülmegine gatnaşmaga taýýardygydyr.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň möhüm wezipesi we aýrylmaz bolegi öňüni alyş diplomatiýasydyr. Hut Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda goňşy ýurtlaryň we Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň goldamagynda Baş Assambleýanyň çözgüdi bilen 2007-nji ýylda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegi çuňňur mazmuna eýedir.

Sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmek, Öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiligini yzygiderli açmak boýunça öz Bitaraplyk syýasatynyň ýörelgelerine eýerip, Türkmenistan mejlisiň çäklerinde Baş Assambleýa «Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň eýeleýän orny» diýen Kararnamanyň taslamasyna garamagy teklip etmegi maksat edinýär.

Merkezi Aziýada parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş Owganystandaky ýagdaýlaryň düzgünleşdirilmegine gönüden-göni baglydyr. Şunda Türkmenistanyň eýeleýän ýörelgesi tutanýerlidir we üýtgewsizdir: gepleşikleri geçirmek arkaly işlerden başga ýollar bolup bilmez. Mundan ozalky tejribeleriň ählisi güýç ulanyş usullarynyň geljeginiň ýokdugyny hem-de ylalaşyga we ýaraşmaga getirip bilmeýändigini görkezdi.

Bitarap döwlet we Owganystanyň gönüden-göni goňşusy hökmünde biziň ýurdumyz öz çäklerinde owgan Hökümetiniň hem-de bu ýurtdaky ýagdaýlary syýasy taýdan düzgünleşdirmekde gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary ýola goýmak üçin zerur bolan syýasy we guramaçylyk şertlerini üpjün etmäge taýýardyr.

Owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri düzümleýin, ilkinji nobatda, energetika, ulag we kommunikasiýa ýaly möhüm ulgamlarda taslamalaryň durmuşa geçirilmegini Owganystanyň syýasy taýdan durnuklaşdyrylmagynyň, ykdysady we durmuş taýdan täzeden dikeldilmeginiň, onuň dünýähojalyk işlerine üstünlikli goşulyşmagynyň esasy şerti hasaplaýarys.

Bu ugurda yzygiderli iş alyp barmak bilen, ýurdumyz, mälim bolşy ýaly, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň, şeýle hem Owganystanyň çäklerine çykýan demir ýol şahalarynyň, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşyklarynyň başyny başlady, şolar eýýäm iş ýüzünde amala aşyrylmak tapgyryna girdi. Halkara jemgyýetçiligini, işewür düzümleri, maliýe edaralaryny bu işlere has işjeň goşulyşmaga çagyrýarys.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Biziň ýurdumyz üçin BMG möhüm, ileri tutulýan hyzmatdaş bolupdy we şeýle bolmagynda galar. Biz halkara giňişligindäki öz ähli işlerimizde BMG-niň Tertipnamasynyň ähli talaplaryndan ugur alýarys. Şoňa görä-de, häzir Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygynda Türkmenistan onuň binýadynda goýlan beýik maksatlara özüniň pugta ygrarly bolup durýandygyny jogapkärli beýan edýär.

BMG-niň maksatlarynyň, gymmatlyklarynyň we ýörelgleriniň öz möhümligini saklap galjakdygyna ynanýarys. Birleşen Milletler Guramasy köpugurly kanuny düzgünlere eýe bolan ýeke-täk halkara guramasy bolupdy, şeýle bolup durýar we şonuň ýaly bolup galmalydyr.

Türkmenistan BMG-niň geljegine pugta ynanýar, bu gurama bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy we ösdürmegi dowam edip, tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we rowaçlygyň bähbitlerine, onuň egsilmez kuwwatynyň açylmagyna goşandyny goşar.