2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Kiýoşi Ejimany kabul etdi.
Myhman ikiçäk duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady we senagat ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada içgin pikir alşyldy. Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, senagatlaşdyrmak hem-de sanly ulgama geçirmek, ylym bilen baglanyşykly, ýerli çig maldan bäsdeşlige ukyply önümleriň dürli görnüşlerini çykarmaga gönükdirilen ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek babatda alan ugrunyň dürli pudaklarda özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin amatly mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi.