milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Watan goragçylaryny hünär baýramy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Watan goragçylaryny hünär baýramy bilen gutlady
5 sagat öň 18 Harby özgertmeler

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryny we işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady.

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy hem-de hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna we işgärlerine bildirilýän uly ynamy dabaralandyrýan bu baýramyň parasatly halkymyzyň merdi-merdanalyga, Watan mukaddesligine goýýan belent hormatyny aýdyň alamatlandyrýandygy nygtalýar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, Watan goragy – merdanalygyň milli mekdebidir. Watan goragçylary bolsa bu mekdebi mynasyp dowam etdirijilerdir. Hut şonuň üçin hem hünär taýdan taýýarlykly, beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn harby gullukçylarymyzyň ýurdumyzda geçirilýän harby-okuw türgenleşiklerinde görkezýän merdi-merdanalygy hem-de belent watansöýüjiligi ata-babalarymyzyň watanperwerlik ýörelgesiniň dowamat-dowam bolýandygyny alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz milli Ýaragly Güýçlerimizde Watanymyzyň asudalygyny, abadançylygyny berkarar etmäge hemişe taýýar edermen gerçekleri ýetişdirmek, bilimli, harby hünäre wepaly nesilleri taýýarlamak ýaly möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilen tutumly işleriň oňyn netijeleri berýändigini belläp, merdana ýurt goragçylarymyzyň şöhratly Watanymyzy goramakda ygrarlylyk görkezjekdiklerine uly ynam bildirýär. Şeýle hem Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny öňküden-de döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylarynyň gulluk etmegi we dynç almagy üçin has oňaýly şertleri döretmek boýunça işleriň hemişe Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň we amala aşyrýan harby özgertmeleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galjakdygy nygtalýar.