milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sport ulagynda synag sürşüni amala aşyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti sport ulagynda synag sürşüni amala aşyrdy
20.08.2018 939 Habarlar | Sport

Dynç güni säheriň ir çagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport ýaryşlarynyň hakyky şertlerinde nobatdaky gezek sport türgenleşigini geçmek üçin, Garagum sährasynyň ajaýyp künjekleriniň birine geldi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere sport ulagynda gelip, degişli taýýarlygy ýerine ýetirdi, soňra Garagum sährasynyň özboluşly künjekleriniň biri boýunça ýola düşdi.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz ogly Serdar Berdimuhamedow bilen türkmen sährasynyň aýratynlyklaryny nazara alyp, käbir awtomobil şaýlaryny peýdalanyp, ýörite çyzgylaryň üsti bilen ony täzeden gurnapdy, netijede ýaryş awtoulagynyň häsiýetnamalary gowulandy. Bu işleriň barşynda hormatly Prezidentimiz ulagyň hereketlendirijisini hem güýçlendirdi. Şeýle hem şol gün döwlet Baştutanymyz sport ulagynyň bezegine ünsi çekip, onda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunyň, türkmen tebigatynyň keşbiniň, “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň nyşanynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.

Indi bu sport awtoulagy ýaryş synaglaryna bildirilýän talaplara doly laýyk gelip, halkara derejede taýýar bolup, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onda ajaýyp Garagum sährasy boýunça türgenleşik geçirdi.

Bu halkara ýaryşlaryň Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçmeginiň özi aýratyn many-mazmuna eýedir, gadymy döwürlerden bäri bu ýoluň ugrunda dürli ýurtlaryň, sebitleriň hem-de siwilizasiýalaryň halklary duşuşdylar we özara gatnaşykda boldular. Şu nukdaýnazardan, Amuldan Hazara çenli awtoralliniň guralmagy Türkmenistan tarapyndan ulag babatynda başlangyçlaryň ilerledilýändiginiň nyşanyny alamatlandyrýar, ol başlangyçlar sebit we ählumumy ähmiýete eýe bolup, döwletleriň we halklaryň ýakynlaşmagyna, söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegine, ählumumy ösüşe gönükdirilendir.

“Amul — Hazar” halkara awtorallisi Halkara awtomobil federasiýasynyň (FIA) ünsüni özüne çekdi, onuň ýörite topary bu taslamany geljekde dünýä derejeli ulgama girizmegiň oňat mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.

Ýaryşlaryň uly böleginiň Garagum sährasynyň içinden geçmegi bäsleşikleriň uly seslenme döretmegine ýardam etdi, dünýäniň ägirt uly çöllükleriniň biri tebigaty goramagyň aýratyn nusgasy hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň Sanawyna girizilmegine mynasyp bolup durýar. Bu babatda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, “Amul — Hazar 2018” ýaryşlary ekologiýa häsiýetlidir, ýaryşlaryň Garagumuň ekoulgamyna zyýan ýetirmezligi üçin çäreler toplumy üpjün ediler.

Daşky gurşawy goramak, tebigaty tehniki täsirlerden goramak bu gün tutuş adamzat üçin möhüm wezipe bolup durýar. Döwletimizde bu meselä örän uly üns berilýär. Türkmenistan bu ulgamda BMG-niň esasy konwensiýalaryny tassyklady. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, dünýäniň Ekologiýa gaznasy hem-de beýleki abraýly halkara düzümler bilen bilelikde milli we sebit derejelerinde onlarça taslamalar amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz suw, ýer we biologik serişdelerini netijeli peýdalanmak, biologik köpdürlüligi goramak, ýeriň ýaramazlaşmagyna garşy göreşmek, bagy-bossanlyga büremek işleriniň mundan beýläk-de döwletiň üns merkezinde boljakdygyny belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, geljek ekologiýa gös-göni baglydyr. “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň hut şu nukdaýnazardan geçirilmeginiň ýurdumyzda çäreler, şol sanda awtomobil sporty boýunça halkara ýaryşlar geçirilende ekologiýa berilýän ünsüň nobatdaky subutnamasyna öwrülýär.

Umuman, öňde boljak ýaryşlaryň eko-ralli, eko-reýd diýlip atlandyrylmagy munuň şeýledigini tassyklaýar. Elbetde, bu özüneçekiji ýaryşlaryň diňe bir Watanymyzyň durmuşynda däl-de, eýsem, şu ýylyň halkara sport möwsüminiň senenamasynda şanly waka boljakdygy gürrüňsizdir. Garagumuň içinden geçjek bu ýaryşa gatnaşmaga birnäçe ýurtlaryň ýygyndy toparlary gyzyklanma bildirdiler.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolmak bilen, döwlet Baştutanymyz bu ugurda ildeşlerimize, aýratyn-da, ýaşlara nusgalyk görelde görkezýär.

Garagum sährasynyň ajaýyplyklary bilen bir hatarda, onuň ürgün çägeli, geçmesi kyn bolan ýerleri bar. Garagum sährasynyň çägelerine göçmek häsiýeti mahsus bolup durýar. Süýşýän çägeler ulagyň hereketine päsgelçilik döredip bilýär.

Şunuň ýaly çylşyrymly künjekleriň birinde ulagyň tigirleriniň çägä batýan pursatlary bar. Şol pursatda türgen daş-töweregine ser salyp, ugurtapyjylyk bilen ulagy çykaryp, ýoluny dowam etmeli bolýar.

Şeýle ýagdaýda türgen kynçylykly pursatlardan dessine baş alyp çykmalydyr.

Milli Liderimiz şeýle ýagdaýa düşüp, wagt ýitirmän, ulagyň ürgün çägä çümen tigirleriniň öňündäki çägäni aýyrdy. Çöl ösümlikleriniň guran şahalaryny ulagyň çägeden arassalanylan tigirleriniň aşagyna düşedi. Bu usul ulagyň çägeden batman çykmagyna mümkinçilik döretdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaryş awtoulagyny sürüjini taýýarlamak üçin maksada okgunlylygyň, ulagy dolandyrmak endiklerini yzygiderli kämilleşdirmegiň, onuň ugurtapyjylygynyň hem-de dogry çözgüt kabul etmeginiň ýeňiş gazanmagyň möhüm şertini emele getirýändigini ýene bir gezek görkezdi. Bu aýratynlyklar her bir türgene mahsus bolmalydyr.

Awtomobil sporty diňe iş ýüzündäki tejribäni däl-de, eýsem, nazaryýet taýýarlygyny, diňe awtoulagy dolandyrmak boýunça okuwlary däl-de, eýsem, taktiki pikirlenmegiň belli bir endiklerini talap edýär, bu bolsa ýaryş awtoulagynyň sürüjisiniň köptaraplaýyn ýöriteleşmesiniň möhüm bölegi bolup durýar. Çünki ýokary tizlikli hereket mahaly ençeme ýagdaýlary nazara almaly, töweregiňdäki ýagdaýa tiz we takyk baha bermek, dessine çözgüdi kabul etmek hem-de päsgelçilikli ýerden geçmegiň dogry usulyny tiz tapmak başarnygy zerur bolup durýar.

Şeýlelikde, milli Liderimiziň geçiren türgenleşigi döwlet Baştutanymyzyň ogly Serdar bilen bilelikde täzeden gurnan sport awtoulagynyň halkara ülňülerne degişli derejede laýyk gelýändigini görkezdi. Bu awtoulag serişdesiniň Garagum sährasynyň çylşyrymly şertlerinde, köp sanly dürli päsgelçilikler boýunça synagdan geçirilmegi, onuň ähli görkezijiler boýunça halkara ýaryşlara gatnaşmaga taýýardygyny äşgär etdi.

Ýurdumyzda halkara derejeli ýaryşlara hemişe düýpli we hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülýär. Şygary «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylan şu ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi häzirki döwürde Aziýa bilen Ýewropany ençeme asyr ozal, diňe bir söwda ýollary bilen däl, eýsem, medeni gatnaşyklar bilen hem baglanyşdyran şöhratly taryhy ýoly täzeden dikeltmekde mynasyp goşant bolar.

Sport döwletimiziň diňe içeri däl-de, eýsem, daşary syýasatynyň hem möhüm düzüm bölegidir diýip, milli Liderimiz belleýär. Ýurdumyzda geçirilýän iri halkara ýaryşlar döwletimiziň halkara abraýyny pugtalandyrmakda örän uly orun eýeleýär. Olar syýasy, ykdysady, durmuş we medeni ulgamlaryň üstünliklere beslenendigini görkezmäge, syýahatçylary hem-de ýokary derejeli hünärmenleri çekmäge mümkinçilik berýär.

Bularyň ählisiniň döwletimiziň abraýyny artdyrýandygy, ony dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde özüne çekiji hem-de täsiri uly döwlete öwürýändigi gürrüňsizdir. Şoňa görä-de, sport diplomatiýasy häzir Türkmenistanyň dünýä derejesinde alyp barýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Amul — Hazar 2018” awtorallisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň, oňa taýýarlyk we geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň ählisine örän oýlanyşykly hem-de toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini nygtap, bu halkara ýaryşlaryň, hakykatdan-da, ýatdan çykmajak, ýurdumyzyň we dünýäniň awtomobil sportunyň durmuşynda şanly waka öwrülmegi üçin ähli işleri geçirmegiň zerurdygyny belledi.