09.04.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
24.03.2020 92 Habarlar

23-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şol sanda şähergurluşygy boýunça özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň meselelerine, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz aprel aýynda Bütindünýä saglyk güni hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli giň gerimli sport we medeni - köpçülikleýin çäreleriň meýilleşdirilendigini belläp, dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, atçylyk sport toplumlarynyň we stadionlaryň, şeýle hem ýol-ulag düzümleriniň ulanyş derejesini gözegçilikde saklamak babatda anyk görkezmeler berildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimlerine ýüzlenip, olaryň öňünde durýan birnäçe wajyp wezipeleri kesgitledi.

Milli Liderimiz oba hojalyk işleriniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belläp, gowaça ekişini ýokary derejede we üstünlikli geçirmek, ähli tehnikalary möwsüme doly taýýarlamak üçin zerur şertleri üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz şu günler meýilleşdirilen ähli agrotehniki çäreleriň bildirilýän talaplara doly laýyk derejede guralmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belläp, ýeralma we beýleki oba hojalyk ekinlerine degişli derejedäki idegiň ýola goýulmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ekilen bag nahallarynyň ösüşiniň aýratyn gözegçilikde saklanylmalydygyny nygtady.