30.01.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
14.01.2020 66 Habarlar

13-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdylar.

Iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, şeýle hem öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary bilen baglanyşykly meseleler girizildi.