22-nji
noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat
şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş
maslahatyny geçirdi.
Gün tertibine
paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň
üpjün edilişi, welaýatlaryň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilişi, möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişiniň barşy, şeýle hem milli senenamamyzyň şanly
senelerini baýram etmäge taýýarlyk görlüşi bilen baglanyşykly meseleler
girizildi.