milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.09.2022 534 Habarlar

19-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler we sebitlerdäki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin oba hojalyk tehnikalary netijeli ulanylýar, bugdaý ekilen meýdanlara gögeriş suwy tutulýar. Häzirki wagtda bugdaý meýdanlarynda kadaly gögeriş alynýar. Şeýle-de güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýetişdirilen bol hasylyny öz wagtynda ýygnamak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy habar berildi. Mundan başga-da, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleriniň hem-de şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň, şol sanda gowaça hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almagyň, güýzlük bugdaý ekişiniň ýokary depginini üpjün etmegiň ähmiýetine ünsi çekip, birnäçe degişli görkezmeleri berdi.