27-nji
ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan
Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň çakylygy boýunça sanly ulgam
arkaly geçirilen birinji «Merkezi Aziýa – Hindistan» sammitine gatnaşdy.
2022-nji ýylyň sebitiň döwletleri we Hindistan üçin şanly senä — diplomatik
gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna beslenýändigi bellärliklidir.
Sammitde
sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki döwletleriniň Baştutanlary –
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz
Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti
Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew
hem gatnaşdylar. Sammitiň gün tertibine bar bolan ägirt uly kuwwaty hem-de uzak
möhletli geljegi nazara almak bilen, netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan
meseleleri girizildi. Şunuň bilen birlikde, sebit we ählumumy meseleleriň wajyp
ugurlary gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.