29-njy
noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Lukoýl» açyk
görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi.
Işewür
hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp
maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize hoşallygyny beýan
edip, ýolbaşçylyk edýän iri nebit kompaniýasynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli
gatnaşyklary giňeltmäge ýokary derejede gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.